03.09.2021
7241
Döwlet Baştutanymyz awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnamany tassyklady
Ýurtda awtoulag hyzmatlaryna bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplara laýyklykda has-da kämilleşdirmek, şeýle hem “Awtomobil ulagy hakynda” we “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
03.09.2021
5313
Gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmagyň taslamasy üstünlikli amala aşyryldy
Şu gün Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi.
03.09.2021
6134
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.
03.09.2021
7726
Ajaýyp şäheriň şanly «şaýatlary»
Aşgabatdan 18 kilometr günbatarda Köpetdagyň eteginde gadymy Parfiýa döwleti döwründe ýüze çykan Nusaý şäheriniň galyndylary howalanyp dur. Depäniň üstünde ýerleşýän şa galasyna Köne Nusaý, jülgedäki şäheriň aňyrsyndaka bolsa Täze Nusaý diýlen atlar galypdyr.
03.09.2021
7727
Ertekiniň gahrymany – gelşiklije we batyrgaý Alabaý
Baş drama teatrynda mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin «Alabaý» atly spektakl taýýarlanylýar. Oýnuň edebi esasyny çagalar ýazyjysy we dramaturgy Hemra Şirow ýazypdyr we oýny goýujy režisýor Ylýas Durdyýew.
02.09.2021
4432
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimany kabul etdi.
02.09.2021
13232
Repetek — türkmen tebigatynyň ajaýyp künjegi
Repetek — bu Garagum säharsynyň iň gözel ýerleriniň biri. Hut şu ýerde 1927-nji ýylyň oktýabr aýynda, esasy maksady gara sazakly tokaýlary we oňa golaý bolan sähra meýdanlaryny goramak maksady bilen goraghana döredildi. 1979-njy ýylda Repetek gorhanasy ÝNESKO-nyň karary esasynda biosfera derejesini alyp, şonuň bilen birlikde-de Halkara möçberinde tassyklanan tebigy ekosistema etalonlarynyň sanawyna tassyklandy.
02.09.2021
6682
Poeziýadan režisýorlyga uzan ýol
«Men haçan-da bolsa bir wagt režissýor bolup, özümi öz filimimde surata düşürerin» — diýip, aktrýorçylyk bölüminiň talyby ýoldaşlaryna gürrüň berýärdi. Bu umyt bildirilýän talyp Çaryýar Seýidowdy.
02.09.2021
3751
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugy bilen, Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi. Bu goňşy ýurtda bolup geçen hemmä mälim wakalardan soňky şunuň ýaly ilkinji kömekdir.
02.09.2021
8153
«Türkmenistan sport» žurnalynyň täze sany çykdy
«Türkmenistan sport» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýe-sport ulgamynda öňe süren we amala aşyrýan özgertmeleri barada gürrüň berýän «Milli Lider» atly redaksion makala bilen açylýar.