20.10.2025
4359
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
20 – 26-njy oktýabry aralygynda ýurdumyzyň çäginde maýyl, ýagynsyz howa bolar. Şeýle-de bolsa howanyň gündizki we gijeki temperaturasynyň arasynda uly tapawut bolar. Gijelerine howanyň temperaturasy +10 gradusa çenli peseler, käbir welaýatlarda bolsa howanyň gijeki temperaturasy +2 gradus bolar.
20.10.2025
5166
Daşoguz welaýatynda künjüden bol hasyl alyndy
Şu ýyl künji hasyly 560 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirildi. Ortaça hasyllylyk her gektardan on sentner boldy. Bu gymmatly önümiň esasy öndürijileriniň arasynda Köneürgenç we S.Türkmenbaşy etraplarynyň daýhanlary-da bar.
20.10.2025
3413
Ženewada Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan halkara forum geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň «Geneva Center for Neutrality» (GCN) hem-de «Greater Caspian Association» (GCA) bilen bilelikde gurnamagynda halkara forum geçirildi.
20.10.2025
4885
Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet günleri geçirildi
2025-nji ýylyň 13-15-nji oktýabry aralygynda Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet günleri geçirildi.
20.10.2025
4111
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 102 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.
19.10.2025
5084
Parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we durnukly ösüş — Watanymyzyň abadançylygynyň binýady
Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi. Bu syýasat ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmäge, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkara guramalar we dünýä jemgyýetçiligi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.
19.10.2025
4237
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasy kabul edildi
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasyna seredildi we biragyzdan kabul edildi.
19.10.2025
3656
Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Galymjan Koýşybaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
19.10.2025
4155
Türkmenistanyň özboluşly geologik obýektleri ÝUNESKO-nyň Ählumumy toruna goşmak boýunça işler alnyp barylýar
Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
18.10.2025
3759
Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de BMG-niň 80 ýyllygy mynasybetli diplomatik agşamy geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, BMG-niň 80 ýyllygy hem-de “BMG – 80 oýunlary” atly sport ýaryşlarynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.