20.08.2021
10687
Türkmen Lideri Türkmenistanyň energetika ministrini belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Hajymuhammet Rejepmyradowy Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine bellenildi.
20.08.2021
4894
Mary welaýatynyň häkimligine dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň gurmak barada «Ak täjirçilik merkezi» HJ bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek, ilatyň medeni-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
20.08.2021
5608
Türkmenistanyň Prezidenti medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky Düzgünnamany tassyklady
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpasyrlyk milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň özboluşlylygyny, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, aýdymçylar, sazandalar, tansçylar, alyp baryjylar, şeýle hem beýleki sungat işgärleri we döredijilik toparlary tarapyndan Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hem-de bu hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmek maksady bilen, şeýle hem «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
20.08.2021
6595
Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy
«Diplomatik gulluk hakynda» we «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
20.08.2021
5127
Balkan kän müdirligine «Türkmen kaolin» AGPJ-ni döretmäge esaslandyryjy hökmünde gatnaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda gurluşyk we senagat pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
20.08.2021
9592
“Miras” žurnaly halkymyzyň taryhy-medeni geçmişi barada
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan ýylyň her çärýeginde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Bu žurnal türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň ylmy-barlaglarynyň netijeleri bilen okyjylary tanyşdyrýar.
19.08.2021
9680
«Sazy synla – tansy diňle»: Jeýhun Aga-Tagyýew öz döredijiligi hakynda
Döredijilikli şahs, ezber tansçy we maýyl ediji ýigit – «Sen – taýsyz! Tanslar» atly halkara çagalar telewizion-aýdym-saz bäsleşiginiň tomaşaçylarynyň ýadynda oňa Türkmenistandan gatnaşan Jeýhun Aga-Tagyýew şeýle galypdy.
19.08.2021
7454
Saz – kalplaryň soltany
1964-nji ýyl. Fransiýa. Kannada dünýäde iň meşhur Halkara Kann kinofestiwaly geçýärdi. Esasy göz öňünde tutulanlar bilen bir hatarda bäsleşikden daşgary filimleriň goýberlişi hem geçirilýärdi.
19.08.2021
4440
Türkmenistan Owganystandaky daşary ýurtly raýatlary çykarylmagy üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýär
«Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda aglaba ýurtlar özleriniň Owganystandaky raýatlarynyň bu ýurtdan guramaçylykly çykarylmagyna girişdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryndan hem gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek arkaly, ýokarda görkezilen şahslaryň daşary ýurt döwletleriniň howa gämileri bilen äkidilmegi üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýändir», – diýip Daşary işler ministrligi habar berýär.
19.08.2021
4884
“Çagalaryň gaýa festiwaly” çagyrýar
“Agama” alpinist kluby ýaş nesle özlerini ýene bir gezek hakyky gaýa çykyjylar ýaly duýmak mümkinçiligini bagyş eder.