09.08.2024
6727
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
09.08.2024
4638
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
Ilki bilen, bildirilen myhmansöýerlik we mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin.
09.08.2024
4600
“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahaty
Şu gün Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi.
09.08.2024
4339
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
09.08.2024
4613
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
09.08.2024
5109
Budapeştdäki Miras öýünde Türkmenistanyň we Wengriýanyň medeniýet işgärleriniň döredijilikli duşuşygy geçirildi
8-nji awgustda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam etdi. Döredijilik çäresiniň ikinji gününde Wengriýanyň paýtagtynyň Miras öýünde medeniýet işgärleriniň duşuşygy geçirildi, oňa dostlukly ýurduň wekilleri we ol ýerde okaýan Türkmenistandan gelen talyplar hem gatnaşdy.
09.08.2024
6115
Arkadagly Gahryman Serdarymyz MA döwletleriň Baştutanlaryny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlaryny şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy – häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady» atly Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
09.08.2024
6002
Döwlet Baştutanymyz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda ýakyndan we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak sebit gün gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny belledi.
09.08.2024
4225
Hormatly Prezidentimiz Konsultatiw duşuşyklaryň esasy maksadyny saklanyp galmalydygyny aýtdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda her ýyl geçirilýän duşuşyklarynyň indi däbe öwrüldendigini we tejribäniň görkezişi ýaly, hemişe möhüm we derwaýysdygyny belledi.
09.08.2024
4539
Hormatly Prezidentimiz: «Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar: bular – parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk»
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda häzirki döwürde dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda parahatçylygy, ylalaşygy we durnuklylygy gorap saklamak Merkezi Aziýa döwletleri üçin esasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galmalydygyny aýtdy.