17.07.2024
6157
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-NIŇ ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
17.07.2024
4735
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
17.07.2024
5984
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan, Size we Siziň üstüňiz bilen doganlyk türkmen halkyna hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.
17.07.2024
10262
Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi tassyklanyldy
Türkmenistanyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi hem-de ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.
17.07.2024
12158
Türkmenistanyň Kanuny
Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen we beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda
17.07.2024
11043
Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasynyň VI maddasyna Üýtgetmäni tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Kanuny
1999-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasynyň VI maddasyna Üýtgetmäni tassyklamaly.
17.07.2024
11699
Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanuny
1973-nji ýylyň 3-nji martynda Waşington şäherinde kabul edilen, 1979-njy ýylyň 22-nji iýunynda Bonn şäherinde we 1983-nji ýylyň 30-njy aprelinde Gaborone şäherinde üýtgetme girizilen Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmaly.
17.07.2024
11658
1994-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky Ýewraziýa Patent Konwensiýasyna degişli Senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnama goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanuny
2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda kabul edilen, 1994-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky Ýewraziýa Patent Konwensiýasyna degişli Senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnama goşulmaly.
17.07.2024
7708
Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
I. 1992-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan, 2009-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 77-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2018 ý., № 2, 47-nji madda; 2019 ý., № 2, 37-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 84-nji madda, № 4, 116-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 37-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:
17.07.2024
6812
«Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
I. 2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky «Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 37-nji madda; 2017 ý., № 3, 111-nji madda; 2018 ý., № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 42-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 82-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli: