20.05.2024
5446
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
20.05.2024
4962
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidentine gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohbere Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
20.05.2024
4210
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy liderine gynanç bildirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady.
20.05.2024
3770
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
20.05.2024
13212
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — paýhas we ylham çeşmesi
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
20.05.2024
6164
Aşgabatda geçiriljek «Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşikde 250 talyp çykyş ederler
22-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýäniň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi badalga alar. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan bilelikde guralýar.
20.05.2024
4707
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Balkan welaýatynda geçiriljek tapgyryndan öň «Senagatbank» topary öňdeligi eýeledi
«Senagatbank» topary 21-nji maýda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek tapgyryndan öň Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň ýeke-täk öňbaşçysy boldy.
20.05.2024
4685
Başlangyç synp okuwçylary Aýhan Hajyýewiň döredijiligi bilen tanyşdylar
Şu ýyl Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy bellenilýär.
20.05.2024
3845
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň aradan çykmagy zerarly gynynç bildirdi.
20.05.2024
4293
Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlaryny «Geljege köpri-2024» atly forum birleşdirýär
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekillerinden we dürli pudaklara degişli ýaş hünärmenlerden ybarat wekiliýet Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlar ýolbaşçylarynyň 15–22-nji maý aralygynda Hytaýyň Sinszýan Uýgur awtonom welaýatynda we Şensi welaýatynda geçirilýän «Geljege köpri-2024» atly forumyna gatnaşýar.