Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekillerinden we dürli pudaklara degişli ýaş hünärmenlerden ybarat wekiliýet Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlar ýolbaşçylarynyň 15–22-nji maý aralygynda Hytaýyň Sinszýan Uýgur awtonom welaýatynda we Şensi welaýatynda geçirilýän «Geljege köpri-2024» atly forumyna gatnaşýar.
Forum Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihytaý Ýaşlar Federasiýasy tarapyndan Hytaýyň Prezidenti Si Szinpiniň Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sammitde öňe süren başlangyjyna laýyklykda guraldy.
«Geljege köpri-2024» forumynyň çäginde oňa gatnaşanlar Hytaýyň Sinszýan sebitindäki muzeýlere baryp gördüler we sergilere tomaşa etdiler. Hytaý awtoulag öndürijilerinden biriniň şahamçasyna baryp, bu ýerde öndürilen awtoulaglaryň görnüşleridir gurluş aýratynlyklary bilen tanyşdylar, şeýle hem Urumçi welaýatyndaky halkara guryýer ýük portuna we halkara ýeňil senagat söwda merkezine baryp gördüler.
Türkmenistanyň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş ýolbaşçylary we Sinszýan Ýaşlar federasiýasynyň agzalary bilen «Ýaşyl energiýa we ýaşlar innowasiýalary» we «Ýaşlaryň gatnaşmagynda ýaşyl oba hojalygy» ýaly gepleşiklere işjeň gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň forumyň bu esasy çäresinde çykyş eden agzasy biziň ýurdumyzda «ýaşyl» oba hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada durup geçdi we iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Merkezi Aziýadan gelen ýaşlar Sinszýan oba hojalyk sergi-seýilgähine baranlarynda, Hytaýda «ýaşyl» oba hojalygynyň gazananlary, täze tehnologiýalar esasynda döredilen ýyladyşhanalar bilen tanyşdylar.
«Geljege köpri-2024» forumynyň meýilnamasynda Merkezi Aziýadan gelen ýaşlary hytaý halkynyň asyrlardan gelýän medeniýeti we baý mirasy bilen tanyşdyrmagyň giň mümkinçilikleri göz öňünde tutulypdyr. Foruma gatnaşanlar Beýik Ýüpek ýolundaky gadymy imperator şäheri bolan Beýtiň muzeýine baryp gördüler, gadymy hat-ýazuw sungaty we çeper bezeg önümlerini ýasamagyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Forumyň işi dowam edýär.