07.04.2024
4814
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara beslenýän toýly günlerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Türkmenistan döwletimizi depginli ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alýan saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny kämilleşdirmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
07.04.2024
4720
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Meniň ýubileýim mynasybetli iberen sowgadyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň! Meniň dört dilde neşir edilen goşgular kitabymy elime alanymda başdan geçiren duýgularymy beýan etmäge sözüm ýetmeýär.
07.04.2024
3367
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko şanly ýubileýi we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi.
07.04.2024
8191
Halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sarpalamak dabarasy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.
07.04.2024
5535
Aşgabatda fijital-sport boýunça ýeňijiler kesgitlenildi
Aşgabatda her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan fijital-sport ýaryşlary tamamlandy.
07.04.2024
7067
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň müdirligi, milli medeniýeti we sungaty ösdürmek maksady bilen, 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýörite, başlangyç sazçylyk we çeperçilik mekdepleriniň uçurymlaryny 2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde sagat 09:00-da boljak «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.
07.04.2024
4083
2024-nji ýylyň başyndan bäri eksporta çykarylan pomidoryň möçberi 3% ýokarlandy
Häzirki wagtda döwletimizde eksport harytlarynyň görnüşini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, daşary ýurtlara çykarylýan türkmen harytlarynyň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Eksport harytlarynyň aglaba bölegini bolsa, oba hojalyk önümleri düzýär.
07.04.2024
6177
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky üçünji sany çapdan çykdy.
07.04.2024
4022
Gündogar sebitde ýüpek gurçuklaryny idetmeklige girişildi
Howanyň amatly gelmegi, baglaryň ir oýanmagy, tut ýapraklarynyň ir ýetişmekleri netijesinde Lebap welaýatynyň Gündogarynda ýerleşýän etraplarda pileçi-kärendeçilere ýüpek gurçuklary paýlanylyp, olary idetmeklik işlerine guramaçylykly girişildi.
07.04.2024
5062
Buzluklary öwrenip, howanyň ýagdaýyny çaklamak
Daşky gurşawy goramak ministrliginiň dürli gurluş bölümleriniň hünärmenlerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Amyderýa we Syrderýa bilen gönüden göni bagly suw arteriýalarynyň akymynyň ýagdaýy – Merkezi Aziýadaky kriosferanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy.