Ï Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

view-icon 2611
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň müdirligi, milli medeniýeti we sungaty ösdürmek maksady bilen, 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýörite, başlangyç sazçylyk we çeperçilik mekdepleriniň uçurymlaryny 2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde sagat 09:00-da boljak «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

Myhmanlar bu döredijilik okuw jaýyna girmek üçin gerek resminamalaryň sanawy, şeýle hem ol ýerde öwrenilýän hünärler we ýokary okuw mekdebiň medeni-terbiýeçilik işleri bilen tanşyp bilerler. Şol gün myhmanlarda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýine baryp görmek mümkinçiligi-de bolar.

Konserwatoriýanyň salgysy: Aşgabat şäheri, 1984-nji köçäniň 22-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin belgiler: 92-28-85, 92-36-11.