Ylym
12.11.2024
4952
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty daşary ýurt dillerini okatmagy ýönekeýleşdirmek üçin IT-çözgütleri döretmek boýunça hakaton bäsleşigini geçirdi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Tehniki ýumuş esasynda platformany işläp düzmek» diýen ugur boýunça hakaton bäsleşigi geçirildi. Ol programmirleme arkaly daşary ýurt dillerini okatmagyň ýeňilleşdirilen usullaryny döretmek üçin oňaýly IT-çözgütleri tapmaga gönükdirilendir.
11.11.2024
4005
Türkmenistanyň topary Indoneziýada halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri – häzirkizaman tehnologiýalaryň fizikasy kafedrasynyň uly mugallymy Mekan Allyýew hem-de «Sanly ykdysadyýet» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Gowşut Akmyradow Indoneziýa Respublikasynyň Bali şäherinde geçirilen halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasyna (ISIF) gatnaşdylar.
11.11.2024
4340
Türkmen döwlet maliýe instituty halkara olimpiadanyň netijelerini yglan etdi
Türkmen döwlet maliýe institutynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet-olimpiadasynyň netijeleri jemlenildi.
08.11.2024
3867
Türkmen wekiliýeti Lionda halkara okuw maslahatyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti «Resmi däl bilimi we özbaşdak öwrenilen hünär endiklerini ykrar etmek ulgamyny kämilleşdirmek» diýen tema boýunça halkara okuw maslahatyna gatnaşdy.
06.11.2024
5398
Oba hojalyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerledip
Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
06.11.2024
3282
Aşgabatda geçirilen Halkara maslahatda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
5-nji noýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatyň çäklerinde «Tehnologik innowasiýalar we Türkmenistanyň senagat, gurluşyk, energetika pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak» temasy boýunça bäşinji jemleýji mejlis geçirildi. Ol bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny berkitmäge bagyşlandy.
05.11.2024
4451
Aşgabatda Çehiýa Respublikasynyň uniwersitetleriniň ýarmarkasy geçirildi
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Çehiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasy geçirildi.
04.11.2024
4648
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa boýunça III halkara olimpiada geçiriler
20-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa boýunça III halkara internet olimpiadasy geçiriler.
01.11.2024
6478
Filosofiýa we ykdysadyýet boýunça halkara olimpiadalary geçiriler
Noýabr aýynyň ikinji ýarymynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti filosofiýa hem-de ykdysadyýet boýunça I halkara olimpiadany geçirer.
31.10.2024
5018
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsümine badalga berildi
30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly intellektual taslamasynyň IV möwsümine başlanyldy. Bäsleşik Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan geçirilýär.