Ï Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 53

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Häzirki wagtda Täjigistan Respublikasy öz halkara abraýyny ynamly pugtalandyrýar, giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýär hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Bu işlerde Siziň baý döwlet tejribäňiz, parasatly ýolbaşçylygyňyz, şeýle hem täjik halkynyň durnukly ösüşini we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli tagallalaryňyz aýratyn ähmiýete eýedir” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda ýola goýlan, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berip, birek-birege ynamyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesinde iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna, doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da ýakynlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleriň dörediljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we täze üstünlikleri arzuw etdi.