28.05.2026
2576
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Germaniýanyň DIM-niň Döwlet ministri bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler federal ministrliginiň Ýewropa meseleleri boýunça döwlet ministri Günter Krihbbaumyň arasynda duşuşyk geçirildi.
28.05.2026
2311
Türkmenistanyň we Kubanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 27-nji maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
28.05.2026
3331
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen halkara suw maslahatyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 25–28-nji maýy aralygynda Duşenbe şäherinde “Durnukly ösüş üçin suw - 2018–2028-nji ýyllar” atly Hereketleriň halkara onýyllygynyň çäklerinde ýokary derejeli 4-nji halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
28.05.2026
4786
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
27.05.2026
3604
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Allatagaladan ähli musulman ymmatyny jebisleşdirýän bu mübärek baýramyň tutuş adamzada parahatçylyk we abadançylyk getirmegini dileýärin.
27.05.2026
3053
Türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsiniň, köpasyrlyk däp-dessurlarynyň dabaralanmasy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Gurban baýramynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan baýram namazyny okady we Arkadag şäherindäki täze metjidiň gurluşyk işleri bilen tanşyp, bu şäherde gurbanlyk sadakasyny berdi.
27.05.2026
4067
Ruhy tämizligiň we kämilligiň baýramy
Düýn Gurban baýramynyň ilkinji gününiň dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy. Paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary halkymyzyň mukaddes baýrama goýýan hormat-sarpasynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
27.05.2026
2744
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Nýu-Ýorka amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
27.05.2026
2522
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we parahatçylyk döredijilik boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda ABŞ-a amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we parahatçylyk döredijilik boýunça orunbasary Rozmari DiKarlonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
27.05.2026
3001
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda duşuşyk geçirildi.