30.04.2026
4604
Hytaý Türkmenistanyň ýokary tehnologiki taslamalaryny durmuşa geçirmekde öňdebaryjy hyzmatdaşydyr
Paýtagtymyzda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahatlaşmak üçin möhüm bolan Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi. Söhbetdeşlikleriň esasy ugurlarynyň biri Türkmenistanyň okgunly ösüşini we hytaý kärdeşlerimiz bilen innowasion çözgütleri girizmäge taýýardygyny görkezýän elektroenergiýa pudagy boldy.
30.04.2026
4852
«Türkmengaz» döwlet konserni hytaý işewürleri bilen hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeldýär
Aşgabatda geçirilýän Türkmen-hytaý işewürler forumynyň dowamynda wekilleriň ünsi nebitgaz pudagyndaky özara hereketleriň geljegine gönükdirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary M.Arçaýew forumda çykyş edip, konserniň Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlary bilen işleşmekdäki esasy ileri tutulýan ugurlaryny mälim etdi.
30.04.2026
4498
Demirýol pudagyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy wagtyň synagyndan geçdi
Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda giň gerimli Türkmen-hytaý işewürler forumy öz işine başlady. Takmynan 400 wekiliýeti we iki ýurtdan 48 esasy çykyş edijini jemlän bu çäre ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.
30.04.2026
5094
Pekinda «Türkmenistan — Hytaý: dostluk, saglyk we ekologiýa diplomatiýasy» atly welosiped ýörişi geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde köpçülik sporty we fiziki terbiýäni ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäginde, şeýle hem Türkmenistanda geçirilýän Saglyk Milli aýyna bagyşlanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasynyň diplomatlarynyň, türkmen we hytaý ýaşlarynyň gatnaşmagynda dabaraly welosiped ýörişi geçirildi.
30.04.2026
2979
Merkezi Aziýa: gepleşiklere, ynanyşmaga we ähli döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmaga esaslanýan howpsuzlyk binagärligi
Aprel aýynyň soňky gününde Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa forumy geçirildi. Oňa derňew we ylmy-barlag merkezleriniň, halkara guramalaryň, bilermenler jemgyýetiniň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu, elbetde, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň Konrad Adenauer adyndaky gazna bilen hyzmatdaşlykda guraýan ilkinji uly möçberli maslahaty däl.
30.04.2026
4450
Türkmen talyp gyzy rus dili boýunça «Homo dicens» halkara olimpiadasynyň ýeňijisi boldy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Medine Sopytaganowa rus dili boýunça «Homo dicens» halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdi. Bäsleşik Moskwa şäheriniň mugallymçylyk uniwersiteti we Russiýa Federasiýasynyň Ynsanperwer ylymlary instituty tarapyndan guraldy.
29.04.2026
5813
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi.
29.04.2026
4409
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
29.04.2026
4615
Türkmenistanyň Ilçisiniň Moldowa Respublikasynda Parlament we Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen duşuşyklary
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Moldowa Respublikasynyň Parlamentinde Türkmenistanyň Ilçisi Toýly Ataýew bilen Moldova Respublikasynyň Parlamentiniň agzasy, Türkmenistan bilen dostluk toparynyň başlygy Petru Burdujanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
29.04.2026
3946
Türkmenistanyň DIM-de Seýşel Adalary Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen gelen, Seýşel Adalary Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri Barri Foruň arasynda duşuşyk geçirildi.