Ï Türkmen talyp gyzy rus dili boýunça «Homo dicens» halkara olimpiadasynyň ýeňijisi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyp gyzy rus dili boýunça «Homo dicens» halkara olimpiadasynyň ýeňijisi boldy

view-icon 143
Türkmen talyp gyzy rus dili boýunça «Homo dicens» halkara olimpiadasynyň ýeňijisi boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Medine Sopytaganowa rus dili boýunça «Homo dicens» halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdi. Bäsleşik Moskwa şäheriniň mugallymçylyk uniwersiteti we Russiýa Federasiýasynyň Ynsanperwer ylymlary instituty tarapyndan guraldy.

Rus dili boýunça abraýly halkara ýaryşa Russiýanyň, Hytaýyň, Saud Arabystanynyň, Iordaniýanyň, Serbiýanyň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň 200-e golaý talyby gatnaşdy.

Türkmen talyp gyzy bäsleşigiň iki tapgyryny üstünlikli geçip, rus dili boýunça ýokary taýýarlygyny görkezdi. Olimpiadanyň netijeleri boýunça eminleriň çözgüdi bilen Medine Sopytaganowa I orna mynasyp boldy hem-de degişli derejeli diplom bilen sylaglandy.

Medine Sopytaganowanyň halkara we döwlet derejesindäki dürli olimpiadalaryň hem-de bäsleşikleriň birnäçe gezek ýeňijisi bolandygyny bellemek gerek. Talyp gyz Magtymguly adyndaky TDU-nyň zehinli, işjeň we döredijilik taýdan berlen wekilleriniň hatarynda mynasyp orunda durýar. Öz wekillerine ýurdumyzyň öňdebaryjy bu ýokary okuw mekdebi mynasyp buýsanýar.

Iri halkara gözden geçirilişinde biziň talybymyzyň täze üstünligi türkmen ýaşlarynyň taýýarlygynyň ýokary derejedediginiň, intellektual başarnygynyň, bäsdeşlige ukyplylygynyň hem-de olaryň halkara ylmy we akademiki giňişlikde eýeleýän ornunyň pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.