Hyzmatdaşlyk
12.03.2022
9595
Halkara synçylar saýlawlaryň kanuna laýyk ýagdaýda geçendigini tassykladylar
Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilligine agzalaryň, Türki Döwletleriň Guramasyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna wekilçilik edýän halkara synçylaryň brifinglerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine gözegçiligiň netijeleri yglan edildi.
11.03.2022
8359
Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy
2022-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradow ýurdumyza halkara synçy hökmünde gelen, Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Muharrem Akkaýa we Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň agzasy Ali Ürker bilen duşuşdy.
10.03.2022
6095
Syýahatçylygy ösdürmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Maslahat Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guraldy. Foruma döwlet düzümleriniň wekilleri, işewürler, iri syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bu ugurda ýöriteleşen bilermenleri gatnaşdylar.
06.03.2022
8926
Döwlet Baştutanymyz täze saýlanjak Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda meýilleşdirilýän halkara çäreleriň sanawyny düzmegi tabşyrdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda geçiriljek Prezident saýlawlaryna üns çekdi.
04.03.2022
5001
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 3-4-nji martynda Daşkentde Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň (HBM) 10 ýyllygyna bagyşlanyp «BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli Halkara maslahat geçirildi.
03.03.2022
5401
Ýurdumyzyň BMG agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli forum
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. Olar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini nobatdaky gezek subut etdi.
02.03.2022
5663
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän maslahatlaşmalaryň nobatdaky tapgyry başlandy
2022-nji ýylyň 1-nji martynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry başlandy.
28.02.2022
5774
Türkmenistanda GDA-nyň Synçylar wekilligi öz işine başlady
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi.
28.02.2022
5640
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
27.02.2022
5495
Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşen ilçihanalarynda we konsullyklarynda 41 sany saýlaw uçastoklary döredildi
Şu gün, 27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.