Jemgyýet
18.12.2023
5421
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugynyň işgärleri iň täze enjamlary özleşdirýärler
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugynyň işgärleri suwuň hilini derňemek üçin niýetlenen enjamlary özleşdirýärler. Gullugyň Aşgabat we welaýat bölümleriniň hünärmenleri ýerasty ýa-da ýerüsti suwlaryň ýerleşýän ýerlerinde onuň derejesini, temperaturasyny, elektrik geçirijiligini, bulanyklygyny we beýleki häsiýetlerini ölçemäge mümkinçilik berýän «SEBA KLL-Checker» enjamlaryny özleşdirdiler.
15.12.2023
36190
Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Şu gün hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym saçdy.
14.12.2023
4883
XI Türkmen-german lukmançylyk forumy: ilatyň saglygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
Şu gün Türkmenistanyň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralýan iki günlük XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady.
14.12.2023
8306
Türkmenistanyň Adalatçysy Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 75 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy
2023-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Ženewadaky Milletler Köşgünde Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli çäreler geçirildi.
13.12.2023
5253
«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Ýakynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşiriň esasy maksady Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny ýaýmakdan, milli arhiw işiniň esasy taglymat binýadyny ösdürmäge ýardam bermekden, bu ugurda gazanylanlary wagyz etmekden ybaratdyr.
11.12.2023
5580
Türkmenistanda Adalatçynyň edarasynda Halkara zähmet guramasynyň wekili bilen duşuşyk boldy
Ýakynda Halkara zähmet guramasynyň wekiliýetiniň Aşgabada bolan saparynyň çäginde Adalatçynyň edarasynda tehniki goldaw toparynyň mynasyp zähmet meseleleri we Halkara zähmet guramasynyň Gündogar Ýewropa hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin býurosynyň halkara zähmet standartlary boýunça hünärmeni Miranda Faerman bilen duşuşyk bolup geçdi.
11.12.2023
5810
Türkmenistanda ygal ýagmagyna we gijelerine aýazly howanyň bolmagyna garaşylýar
Daşoguz welaýatynda hakyky gyş sowugy düşdi, bu ýere golaýda ilkinji gar ýagdy. Ýurduň merkezi böleginde hem sowuk howa akymy güýjeýär. Şu hepde Türkmenistanda gije howa ortaça –5 gradusa çenli sowar.
11.12.2023
5289
«Şokolad hüwi» topary 2023-nji ýylyň Gyşky intellektual kubogynyň baýragyny eýeledi
10-njy dekabrda Aşgabatda «Что? Где? Когда?» intellektual oýnuň sport görnüşi bolan «Winter Cup 2023» (Gyş kubogy 2023) ýaryşy geçirildi.
09.12.2023
10484
Aşgabatda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasy açyldy
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy.
08.12.2023
7474
«Altyn Asyr» söwda merkezi Täze ýyla dokma önümlerinden sowgatlaryň giň görnüşini teklip edýär
Dokma önümleri kärdeşler, dost-ýarlar we dogan-garyndaşlar üçin iň gowy, amatly Täze ýyl sowgatlarydyr. Däp bolşy ýaly, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda «Altyn Asyr» Söwda merkezi Täze ýyl nyşanly dokma önümlerden sowgatlaryň we egin-eşikleriň giň görnüşini hödürleýär.