mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet

news-photo

08.10.2024

total-veiw

4931

Türkmenistan — Gazagystan: dostlukly halklaryň medeni dialogy

Şu günler paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýunynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat wekilçilikli topar Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde doganlyk gazak halkyny Watanymyzyň medeni-ynsanperwer ulgamda gazananlary bilen tanyşdyrdy. Bu gün bolsa türkmen paýtagty Gazagystanyň medeniýet işgärlerini garşylady.

news-photo

08.10.2024

total-veiw

4385

Moskwada saz-suratly ýygyndy neşir edildi

Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VIII halkara sungat festiwalynyň çäginde geçirilen «Magtymguly Pyragynyň sözlerine saz eserleri» boýunça kompozitorlar we «Şekiller» atly suratlar bäsleşiginiň ýeňijileridir baýrak eýeleriniň beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan işleri Moskwada neşir edilen saz-suratly ýygynda girizildi.

news-photo

08.10.2024

total-veiw

3840

Türkmenistanyň döredijilik mekdepleriniň okuwçylary GDA-2024 çagalaryň Açyk Delfler oýunlarynda baýraklara mynasyp boldular

Türkmenistanyň sazçylyk we sungat mekdepleriniň okuwçylary 30-njy sentýabrdan 5-nji oktýabr aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde ilkinji gezek geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň çagalaryň Açyk Delfler oýunlarynyň bäsdeşlik maksatnamasynyň çäklerinde gowy çykyş etdiler.

news-photo

05.10.2024

total-veiw

4456

Bişkek şäherinde Magtymgulа bagyşlanan maslahat we şahyryň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Bişkek şäherinde «Gündogar poeziýasynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çäräniň çäginde Magtymgulynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi.

news-photo

04.10.2024

total-veiw

5595

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Adam Miskewiç

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. 

news-photo

02.10.2024

total-veiw

5477

Arkadag şäherinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlary boýunça bäsleşik geçirildi

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Arkadag şäherindäki mekdepleriň  okuwçylarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny çeper okamak boýunça bäsleşik geçirildi. «Pyragynyň paýhas hazynasy» atly bu çärä akademiýada, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde we Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebinde okaýan ýaşlar gatnaşdy.

news-photo

02.10.2024

total-veiw

5711

Halkara aýdym-saz gününe bagyşlanan konsert

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy her ýyl oktýabr aýynyň başynda Halkara aýdym-saz gününi baýramçylyk konserti bilen belleýär.

news-photo

02.10.2024

total-veiw

6610

Türkmenistanly ýaş zehinler GDA-2024 Açyk çagalar Delfler oýunlaryna gatnaşýarlar

Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde GDA agza döwletleriň birinji halkara çagalar Delfler oýunlary dabaraly ýagdaýda başlandy. Döredijilik ýaryşlaryna Belarusdan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkmenistandan we Gyrgyzystandan 7 ýaşdan 14 ýaş aralygynda 500-den gowrak zehinli çagalar gatnaşýar.

news-photo

01.10.2024

total-veiw

5633

Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

news-photo

01.10.2024

total-veiw

4543

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary Astrahan ýokary mekdebiniň talyplaryny birleşdirdi

V.N.Tatişewiň adyny göterýän Astrahan döwlet uniwersitetinde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilmegi bilen utgaşan sazly edebi agşam geçirildi. 

...347