Ï Edebi mirasymyzy öwrenmegiň möhüm ugurlaryna bagyşlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Edebi mirasymyzy öwrenmegiň möhüm ugurlaryna bagyşlandy

view-icon 135
Edebi mirasymyzy öwrenmegiň möhüm ugurlaryna bagyşlandy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň mejlisler zalynda «Garaşsyz Türkmenistanda edebi mirasymyzy öwrenmegiň möhüm ugurlary» ady bilen ylmy maslahat geçirildi.

Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralyp, alymlary, ylmy işgärleri we aspirantlary bir ýere jemledi. Ylmy maslahatyň maksady halkymyzyň edebi mirasynyň gymmatly çeşmelik hem-de terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezmekden, ony öwrenmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Ylmy maslahatyň barşynda «Garaşsyzlyk döwrüniň poeziýasy», «Türkmen edebi mirasynyň dil baýlygyny öwrenmegiň ylmy ugurlary: Mätäjiniň «Bedew» bäşlemesiniň mysalynda», «Halk döredjiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti», «Edebi mirasymyz ÝUNESKO-nyň sanawynda: Ybraýym Edhemiň golýazmalarynyň mysalynda», «Garaşsyzlyk döwründe milli mirasymyzyň öwrenilişi», «Garaşsyzlyk ― edebi mirasymyzyň täzeden rowaçlanan eýýamy», «Pederlerden galan edebi miras» ýaly ugurlardan çykyşlar diňlenildi. Olarda bellenilişi ýaly, edebi eserleriň nesil terbiýesindäki ähmiýeti ýokarydyr. Keşpleriň, meňzetmeleriň we beýleki çeper usullaryň kömegi bilen edebi eserler ynsanyň aňyna täsir edip, oňyn häsiýet-gylyklaryň kemala gelmegine ýardam edýär. Şonuň bilen baglylykda, edebi mirasymyzy öwrenmegiň möhüm ugurlary ylmy jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar.

«Garaşsyz Türkmenistanda edebi mirasymyzy öwrenmegiň möhüm ugurlary» atly maslahat ylym wekilleriniň nobatdaky pikir alyşmalary üçin oňyn mümkinçilikleri özünde jemledi.