Resmi
24.12.2021
17954
Türkmenistanyň Prezdentiniň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permany
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de täze belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
24.12.2021
8440
Goranmak ministrligine ýöriteleşdirilen harby mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak barada türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwçylaryny okatmagyň hilini kämilleşdirmek we olaryň bilim taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, olar üçin häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna laýyk gelýän okuw şertlerini döretmek hem-de Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Goranmak ministrligine Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 700 orunlyk 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
23.12.2021
12935
Türkmenistanyň Prezidentiniň A.G.Rejepalyýew hakynda Permany
Rejepalyýew Atamyrat Gurbandurdyýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
23.12.2021
10199
Türkmenistanyň Prezidentiniň A.B.Aramow hakynda Permany
Abdymuhammet Begmyradowiç Aramowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
23.12.2021
12624
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Abdylla Bäşimowiç Annaberdiýew Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
23.12.2021
9270
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Didar Kakabaýewiç Nurmuhammedow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
22.12.2021
5999
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, önjeýli jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin, ösüp gelýän ýaş nesli Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:
20.12.2021
10926
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasaryny wezipesinden boşatdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annaorazow Rahman Pirliýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
20.12.2021
10249
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa berk käýinç yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
20.12.2021
11270
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa berk käýinç yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Gurbannazarow Orazmyrada berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.