31.07.2023
5278
Çary Amangeldiýewiň we Amanmuhammet Hydyrowyň eserleriniň sergisi guraldy
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Amanmuhammet Hydyrowyň şahsy sergileri açyldy.
30.07.2023
5831
Türkmenistan ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar
Geçen hepdäniň wakalary döwletimiziň okgunly ösüşiniň nobatdaky subutnamasy boldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ylmy taýdan esaslandyrylan uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy wezipeleri — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi öz beýanyny tapýar.
30.07.2023
7694
Aşgabat şäheriniň häkimligine “Döwlet Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Döwlet Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
30.07.2023
4125
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI-a ýurduň milli baýramy — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
30.07.2023
6610
Duşanbe şäherinde geçirilen CAFA Futsal Cup-2023 ýaryşynda Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Gyrgyzystanyň toparyndan üstün çykdy
Duşanbede dowam edýän CAFA Futsal kubogy-2023 ýaryşynda Türkmenistanyň topary ikinji ýeňşini gazandy we Gyrgyzystanyň ýygyndysyndan 2:0 hasap bilen üstün çykdy.
30.07.2023
6763
Ýurdymyzda ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul ediş möwsümi tamamlandy
Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul ediş möwsümi tamamlandy.
29.07.2023
6143
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi
2023-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
29.07.2023
5631
Türkmenistanly türgenler Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň türgenleri Çendu şäherinde açylan 31-nji Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dabara Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatynyň dolandyryş merkezi Dunanhu sport seýilgähindäki stadionda bolup geçdi.
29.07.2023
4316
Ýurdumyzda mekdep harytlarynyň söwdasy guralar
Türkmenistanda şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabry aralygynda mekdep harytlarynyň söwdasy guralar. Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly ýakynda geçirilen mejlisinde habar berdi.
29.07.2023
5618
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda birnäçe möhüm başlangyçlary hödürlär
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak 78-nji sessiýasynda birnäçe möhüm başlangyçlary hödürlär.