Ï Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

view-icon 82

2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Mejlisiň dowamynda GDA agza döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin we gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem wekiliýetleriň ýolbaşçylary birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garadylar.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2026-njy ýylyň iýun aýynda Moskwa şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.