02.06.2023
3706
Türkmenistanyň Hazar deňzindäki deňiz derwezesine «EcoPorts» güwänamasy berildi
Hazar deňzindäki Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» güwänamasy berildi. ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşykda degişli güwänamany gowşurdy.
02.06.2023
5203
Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşuldy
Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher ̶ Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşuldy.
02.06.2023
4015
2023-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna dört dalaşgär galdy
2023-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna dört dalaşgär galdy. «Arkadag», «Altyn asyr», «Ahal» we «Merw» futbol toparlarynyň arasynda ähmiýeti boýunça ikinji derejeli Kubok ugrunda göreşi dowam etdirerler.
02.06.2023
5531
Aşgabatda türkmen-fin DIM-ara geňeşmeleri geçirildi
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-fin gepleşikleri geçirildi.
02.06.2023
7698
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty halkara reýting sanawynda
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Times Higher Education» guramasynyň Täsir etmegiň reýtingine girizildi.
02.06.2023
13907
«Awaza» şypahanasy – jana şypaly melhemler mekany
Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänleriň sany günsaýyn artýar.
01.06.2023
4412
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.
01.06.2023
4597
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
01.06.2023
4656
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Şu gün ýurdumyzyň Mejlisinde Türkmenistanda saparda bolýan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi.
01.06.2023
4279
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.