Ï Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty halkara reýting sanawynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty halkara reýting sanawynda

view-icon 4671

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Times Higher Education» guramasynyň Täsir etmegiň reýtingine girizildi.

«Times Higher Education» guramasy ýokary bilim ulgamynda reýtingleri geçirmek boýunça ykrar edilen öňdebaryjy gurama hasaplanylýar. Hakykatda, bu gurama iki bütindünýä reýtingi ̶ Bütindünýä uniwersitetleriň reýtingi (World University Ranking) hem-de Täsir etmegiň reýtingi (The Impact Ranking) bilen Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde binýatlanýan adybelli, abraýly we garaşsyz Bütindünýä reýting guramasy hasaplanylýar.

Reýtinge gatnaşmak üçin Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan döredilen maglumatlary girizmegiň portalynyň üsti bilen resminamalaryň iberilmegi amala aşyryldy. Institut sanawda görkezilen Durnukly ösüş maksatlary ̶ SDG 3 (Saglyk we abadançylyk), SDG 4 (Ýokary hilli bilim), SDG 6 (Arassa suw we arassaçylyk), SDG 17 (Maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk) boýunça gatnaşdy.

2022-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynda iberilen resminamalaryň we ýerine ýetirilen işleriň seljermesi geçirildi hem-de netijeler 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda yglan edildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, şeýle hem ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, maslahatlar guralýar. Institutda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda guralýan dürli ders bäsleşikleri, halkara internet olimpiadalary, ylmy-amaly maslahatlary yzygiderli geçirilýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak boýunça professor-mugallymlaryň we talyplaryň halkara akademiki gatnaşyklaryny ýola goýmak, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribelere esaslanyp, okuw hem-de ylmy işler innowasion usulda ornaşdyrylýar. Professor-mugallymlar we talyplar halkara derejeli ylmy žurnallarda makalalar çykyş edýärler. Şeýle işler abraýly sanawa goşulmakda öz oňyn netijesini berýär.