09.07.2025
4551
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan taýýarlanylyp, çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
09.07.2025
3849
Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň agza we synçy döwletleriniň syýahatçylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 8–9-njy iýuly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň synçy we agza ýurtlarynyň syýahatçylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
09.07.2025
5652
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ýaşlar üçin okuw gurady
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi Aşgabatda Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasynyň 2025-nji ýylyň talyplary üçin internet arkaly interaktiw okuw gurady.
09.07.2025
4975
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary tejribe geçýärler
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň birinji ýyl talyplary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşinde önümçilik tejribesini geçýärler.
09.07.2025
4541
Türkmen talyplary Pekiniň nebitçilik ýokary okuw mekdebinde tejribelik geçýärler
29-njy iýundan 20-nji iýul aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.
08.07.2025
10466
2025-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde geçirilen köp sanly iş maslahatlary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler geçen aýy köpöwüşginli çärelere beslemek bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy.
08.07.2025
3936
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
08.07.2025
4090
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksadynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy.
08.07.2025
11546
Azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagy — oba hojalyk özgertmeleriniň baş maksady
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hil taýdan täze derejä çykarylýar. Bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär hem-de pudagy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
08.07.2025
6892
Türkmen küşt taryhynda täze sahypa açyldy
Gruziýanyň Batumi şäherinde başlanan küşt oýny boýunça zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionaty ýer ýüzündäki iň güýçli küştçüleriň 107-sini bir ýere jemledi.