mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport

news-photo

19.11.2026

total-veiw

1355

«Arkadag» futbol toparynyň ýeňişli möwsümi

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň Ýokary ligasynyň çempionatyndaky çykyşyny täsirli netijeler bilen tamamlady. 

news-photo

18.11.2026

total-veiw

2234

Türkmenistanyň gandbolçy gyzlary Daşkentde geçirilen «IHF Nations Trophy 2026» ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldular

Türkmenistanyň gandbol boýunça zenanlar ýygyndy topary Daşkent şäherinde geçirilen taryhda ilkinji gezek guralan «IHF Nations Trophy 2026» atly halkara ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy. Baş tälimçi Gülendam Narbaýewanyň tälim berýän topary Özbegistanyň paýtagtynda dört duşuşyk geçirip, olaryň üçüsinde ýeňiş gazandy, diňe birinji orun ugrunda geçirilen jemleýji duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy.

news-photo

17.11.2026

total-veiw

2387

Ýaş türkmen türgenleri BAE-de geçirilen halkara ýaryşda ýedi medal gazandylar

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynda tamamlanan «RAF NEXT GEN Abu Dhabi» halkara erkin göreş boýunça ýaryşda dürli derejeli ýedi baýrak gazandy. Çäre dürli ýurtlardan ýüzlerçe ýaş türgeni bir ýere jemledi we Türkmenistanyň topary bu bäsdeşlikde ýokary netijeleri görkezip, üç altyn, iki kümüş we iki bürünç medal gazanmagy başardy.

news-photo

16.11.2026

total-veiw

2092

Türkmen türgenleri kuraş boýunça dünýä çempionatynda iki medal gazandylar

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen kuraş boýunça XV dünýä çempionatynda türkmen türgenleri bir kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular. 

news-photo

15.11.2026

total-veiw

1933

Türkmenistanyň küşt boýunça Gran-pri ýaryşynyň Lebap welaýat tapgyrynyň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan küşt boýunça Gran-pri ýaryşyň Türkmenabat şäherinde tamamlanan nobatdaky tapgyryna 181 küştçi ýygnandy. Lebap welaýatynda yzly-yzyna ikinji ýyl geçirilýän bu ýaryşlar «Bagtyýarlyk» çagalar saglygy dikeldiş we dynç alyş merkeziniň meýdançasynda şweýsar ulgamy boýunça 9 tapgyrda geçirildi.

news-photo

13.11.2026

total-veiw

3496

«Amul — Hazar» atly ýörişine badalga berildi

Eşretli zamanamyzyň belent ruhuna öwrülen türkmen bedewleri bilen baglanyşykly ýurt we halkara derejesinde geçirilýän çäreler «Asman atlarymyz» bilen bilelikde türkmen döwletiniň abraý-mertebesini hem dünýä jar edýär. 

news-photo

12.11.2026

total-veiw

1892

Türkmenistanyň 3x3 ýaşlar ýygyndy basketbol toparlary Daşkentde geçiriljek halkara okuw-türgenleşik ýerine ugradylar

Türkmenistanyň erkekler we zenanlar (U23) 3x3 basketbol toparlary Daşkent şäherine geldiler. 

news-photo

11.11.2026

total-veiw

1632

Türkmen agyr atletikaçysy Şahzadbek Mätýakubow Hytaýda geçirilen dünýä çempionatynda iki bürünç medal gazandy.

22 ýaşly halkara sport ussady Şahzadbek Mätýakubow agyr atletika boýunça Hytaýyň Ninbo şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 110 kg çenli agram toparynda çykyş edip, iki medal – silkip götermekde we iki görnüşiň jemi boýunça bürünç medala mynasyp boldy. Bu agram toparynda medallar ugrunda 28 ýurtdan gelen otuz türgen bäsleşdi. Bu hormat münberi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bäşinji ýyl talyby üçin uly ýaşlylaryň arasyndaky dünýä birinjiligi ugrunda gazanylan ilkinji ýeňiş boldy.

news-photo

09.11.2026

total-veiw

3071

Türkmen samboçylarynyň Özbegistandaky üstünligi

Türkmen samboçylary Daşkent şäherinde tamamlanan sambo boýunça 50-nji ýubileý dünýä çempionatynda 4 medal gazanmagy başardylar. 

news-photo

08.11.2026

total-veiw

3982

Türkmenistanly Muminjan Arzykulow söweş sambosy boýunça dünýäniň iki gezek çempiony boldy

Lebap welaýatyndan bolan 28 ýaşly türgen Muminjan Arzykulow söweş sambosy boýunça dünýä çempionatynyň altyn medalyny ikinji gezek gazanyp, Türkmenistanyň ýygyndysynyň hasabyna Daşkentde geçirilen 50-nji ýubileý dünýä çempionatynyň ikinji altyn medalyny goşdy. 

...260