Sport
25.05.2025
3476
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden belleniler
3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününi bellemek üçin Türkmenistanda birnäçe sport çäreleri guralar.
25.05.2025
4389
Mary şäherinde çagalar futbol festiwaly geçirildi
AFK-nyň amala aşyrýan köpçülikleýin futbol gününiň çäginde şu gün Mary şäherinde geçirilen çagalar futbol festiwalyna 250-den gowrak ýaş futbolçy gatnaşdy.
23.05.2025
4379
«C» derejesinde futbol tälimçisi ygtyýarnamasyny almak isleýänler üçin okuwlar dowam edýär
Aşgabatda «C» derejesinde tälimçilik ygtyýarnamasyny almak isleýänler üçin okuwyň ikinji tapgyry tamamlandy. 20 tälimçi üçin okuwy Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň mugallymy Röwşen Meredow geçirdi.
22.05.2025
5211
2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky duşuşyklar barha gyzyşýar
2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň başlanany ýaňy bolsa-da, eýýäm onuň birinji tapgyrynda ähmiýeti boýunça ikinji topar kubogy ugrundaky bäsleşik başlandy.
21.05.2025
4471
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň Futbol kubogy başlandy
Türkmenistanyň Futbol kubogynyň 34-nji ýaryşy Arkadag şäherinde we Türkmenbaşyda geçen iki sany çärýek final oýny bilen başlandy.
20.05.2025
5153
«Altyn asyr» futbol topary «Ahal» toparyndan üstün çykyp, öňdäki toparlar bilen aralygy ýygjamladýar
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparynyň «Ahal» toparyndan üstün çykmagy bilen tamamlandy – 3:1 hasabynda.
19.05.2025
5835
Türkmen hokkeýçileri Stambulda geçirilen 2025-nji ýylyň dünýä çempionatynyň üçünji bölüminde kümüş medal gazandylar
Dört ýeňiş, bir ýeňliş we ikinji ýer – Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileriniň Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen IIHF hokkeý boýunça dünýä çempionatynda «A» toparyň üçünji bölüminde altynjy derejede eden çykyşynyň netijesi, ine şeýle.
17.05.2025
5327
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda «Köpetdag» topary arany açýar
Aşgabadyň «Köpetdag» topary Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda ýene bir ýeňiş gazandy. Parahat Garaýewiň şägirtleri Türkmenbaşy şäherinde geçen 6-njy tapgyryň duşuşyklarynda ýerli TNGIZT-iň toparyny 7:1 hasabynda utup, öňdäki ornuny berkitdi.
17.05.2025
4657
Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna
Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň Kambojanyň Pnompen şäherindäki Morodok Teho milli stadionynda geçirilen final duşuşygynda “Arkadag” futbol toparynyň gazanan ajaýyp ýeňşi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasyny tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de “Arkadag” futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine we janköýerlerine iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
16.05.2025
3473
Türkmenistanly küştçüler Duşenbe şäherinde geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda bäş medal gazandylar
Türkmen küştçüleri Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçirilen Günbatar Aziýa ýaşlar çempionatynda bir altyn we dört bürünç medal bolmak bilen, jemi bäş medal gazandylar.