mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teswirlemeler

22.11.2026

total-veiw

906

Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp

Geçen hepdäniň wakalary deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmegine, halkymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi.


19.11.2026

total-veiw

1474

Milli miras — geçmişiň tejribesini, häzirki döwrüň gazananlaryny we geljege tarap ynamly ädimleri baglanyşdyrýan köpri

Baý milli mirasymyzy gorap saklamak, ony giňden wagyz etmek we täze taryhy döwürde ösdürmek ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

18.11.2026

total-veiw

1632

Ekologiýa we howa durnuklylygyny üpjün etmek — ählumumy abadançylygyň kepili

Durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara dialoga işjeň gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan bu meseleleriň durnukly çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşary syýasy ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyz sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipelerine, şol sanda ekologiýa we howa meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşýändigini görkezýär.

17.11.2026

total-veiw

1876

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: durnukly ösüşiň bähbidine sebitleri birleşdirip

Şu ýylyň 24 — 26-njy noýabrynda Aşgabatda ulag geçelgelerini, logistikany, sanly infrastrukturany, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahat we sergi, şeýle-de «Türkmentel — 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler.  

17.11.2026

total-veiw

1922

Döwletimiziň ekologiýa diplomatiýasy

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary boldy.

15.11.2026

total-veiw

2114

Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitleri nazarlaýar

Geçen hepde döwletimiziň durmuş-ykdysady we ruhy taýdan ösüşiniň dürli ugurlaryny öz içine alýan halkara hem-de içerki syýasy ähmiýetli wakalara beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň mynasyp dowam etdirilmegi esasynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin berk binýady döretmäge gönükdirilendir.

12.11.2026

total-veiw

2636

Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti

Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek, halkara, sebit we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna beslenen şu ýylyň wakalarynda aýdyň beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry bilen ynamly öňe barýan Watanymyz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we uzak möhletleýin ileri tutulýan ugurlary nazara alyp, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda netijeli dialogy öňe sürmek, bar bolan köptaraply hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini amala aşyrmak boýunça möhüm ädimleri ädýär.

11.11.2026

total-veiw

2578

2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Geçen aýda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» hem-de giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan netijeli işler alnyp baryldy.

10.11.2026

total-veiw

2749

Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ugur aýdyň şöhlelendi.

09.11.2026

total-veiw

3449

Parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine

2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

...93