Ï Ekologik talaplar — milli ýangyç-energetika toplumyndaky özgertmeleri kesgitleýän möhüm görkeziji
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologik talaplar — milli ýangyç-energetika toplumyndaky özgertmeleri kesgitleýän möhüm görkeziji

view-icon 3515

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda üstünlikli amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, dünýä bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler babatdaky talaby kanagatlandyryp, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Hazar deňzi sebitinde uglewodorod serişdelerini gözlemek we özleşdirmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegiň, türkmen geologlary tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan gatlaklaryny gözlemek, barlamak işlerini netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gözlemek, ýüze çykarmak, özleşdirmek boýunça işleri mundan beýläk-de güýçlendirmegi we oňa halkara tejribäni giňden ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, iri maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi, energetika boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ýangyç-energetika toplumyna iň täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýetine üns çekilýär. Toplumda alnyp barylýan işler Döwlet býujetini emele getirmäge, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge uly täsirini ýetirip, onuň düzüminde elektroenergetika, gaz we nebit pudaklarynyň kärhanalary üstünlikli işleýär. Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatynyň artandygyny we tebigy gazda işleýän, iň täze tehnologiýalary özünde jemleýän, döwletimiziň energiýa paýlaýjy ulgamyna girýän döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesiniň hereket edýändigini bellemek gerek.

Ýangyç-energetika toplumynyň esasy bolup durýan gaz pudagy ýurdumyzyň senagat önümçiliginiň ýarysyndan gowragyny düzýär. Häzirki wagtda pudakda täze ýataklary ýüze çykarmak, barlag geçirmek we ulanmaga bermek uglewodorod serişdelerini ibermekden we saklamakdan başlap, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlarynda ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly amala aşyrylýar. Diýarymyzyň gazy gaýtadan işleýän pudagy täze zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda gaz çig malyny düýpli gaýtadan işleýän ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gazylyp alynýan nebitiň möçberini artdyrmak maksady bilen, nebit känlerini özleşdirmek, pudagyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirilýär. Nebitiň çykarylyşynyň möçberiniň artdyrylmagy senagatda döwrebap enjamlaryň ulanylmagynyň hasabyna üpjün edilýär. Önümçiligiň möçberini artdyrmak, öndürilýän önümiň görnüşlerini giňeltmek we dünýä ölçeglerine laýyk getirmek boýunça oňyn netijeler gazanyldy. Nebiti gaýtadan işlemegiň möhüm wezipesi diňe bir içerki bazary ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, nebithimiýa senagatyny ösdürmek arkaly uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek üçin çig mal binýadyny hem döretmekden ybaratdyr.

Nebit diňe bir ýangyç serişdesi bolman, himiýa senagatynyň binýatlaýyn esasyny-da emele getirýär. Döwrebap tehnologiýalar arkaly ondan dürli görnüşli eşikler, aýakgaplar, plastik önümler we boýaglar öndürilýär. Metallurgiýada giňden ulanylýan elektrodlary hem nebit serişdelerini ulanmazdan öndürmek mümkin däldir. Nebit senagatynda wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan nebit gazynyň, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleriniň, tehniki çalgy ýaglarynyň we polipropileniň, taplanan koksuň, ýol we gurluşyk bitumynyň, beýleki önümleriň önümçiliginiň ýola goýulmagyna aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, döwrebap enjamlary satyn almak üçin täze maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan arassa önümçilikleri işe girizmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunda her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergileriň, duşuşyklaryň we maslahatlaryň netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary amala aşyrmak, pudagy ösdürmegiň dünýä meýilleri, mümkinçilikleri bilen tanyşmak arkaly bellenen maksatlara ýetmäge, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden wagyz etmäge mümkinçilik berýändigini bellemek gerek.

Şu ýylyň aprelinde Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum hem munuň aýdyň güwäsidir. “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guralyp, energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezildi. Maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazaryny ösdürmek, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzyň gaz känlerinde öndürijiligi ýokarlandyrmak babatda gatnaşyklaryň täze gurallary, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga täze tehnologiýalary, nou-haulary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzdaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý, degişli kanunçylyk binýadynyň bolmagy daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň özüne çekijiliginiň artmagynyň esasy şertleridir. Dünýäde iri “Galkynyş” gaz käni häzirki wagtda anyk taslamalar bilen baglylykda, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin özleşdirilýär. Hazar deňziniň türkmen böleginiň suwasty zolaklaryny özleşdirmäge maýa goýumlary çekmek meselelerine üns berildi. Şeýle-de ýeriň gatlaklaryndaky nebitiň gazylyp alnyşynyň möçberini artdyrmak boýunça taslamalara garalyp, maýa goýum taslamalarynda hyzmatdaşlygyň täze gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda Türkmenistanda nebiti we tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemek, içerki hem daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, ýokary goşulan bahaly dürli nebithimiýa, gazhimiýa önümlerini öndürmek üçin täze kärhanalary döretmek babatda teklipler we çözgütler beýan edildi. Daşary ýurtlaryň ugurdaş kompaniýalarynyň öňdebaryjy hünärmenleri öz çykyşlarynda toplan tejribeleri, täze ylmy işläp taýýarlamalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda täzeçil taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Aýratyn-da, Gün we ýel energiýasyny, bioýangyjy netijeli peýdalanmak boýunça synag taslamalary maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Türkmenistanda tebigy serişdeler özleşdirilende, olaryň rejeli ulanylýandygyny, daşky gurşawy goramak babatda yzygiderli alada edilýändigini, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça wajyp halkara başlangyçlaryň öňe sürülýändigini bellemek zerurdyr. Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda energiýa serişdeleri gazylyp alnanda, önümçilige netijeli gorag tehnologiýalary ornaşdyrylanda ekologik töwekgelçilikleri azaltmak, döwrebap dolandyryş çözgütlerini ulanmak boýunça degişli işler geçirilýär. Netijede, bu ugurda kadalaşdyryjy hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň bu ugurda öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolup, energiýa serişdeleriniň öndürilmegi bilen birlikde, olaryň üstaşyr iberilmegi, ulanylmagy ýaly ulgamlary gurşap alýan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda BMG-niň Kararnamalary bilen berkidildi.

Daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän we himiýa önümçiliklerinde parnik, kömürturşy gazlarynyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak hem-de toplamak bilen bagly öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça pikir alyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny we ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirjekdigini belledi.

Türkmenistan arassa energiýany we geljegiň “ýaşyl” tehnologiýasyny işjeň ösdürýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde Abu-Dabiniň ösüş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän, kuwwaty 10 megawat bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekediniň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.

Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi energiýanyň sarp edilişiniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni alýan az çykdajyly energiýa serişdelerini öndürmäge bolan çemeleşme uly gyzyklanma eýe bolýar. Şunda ekologik talaplar milli ýangyç-energetika toplumynyň energetiki özgertmelerini kesgitleýän möhüm görkeziji bolup çykyş edýär. Ol talaplar ekoulgama aýawly çemeleşmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak we daşky gurşawy geljek nesiller üçin gorap saklamak ýaly maksatlary özünde jemleýär. Bu möhüm meseleler 5-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatda-da ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň baş maksady Türkmenistanyň daşky gurşawy goramaga hem-de iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetçiligiň we maliýe institutlarynyň arasynda “ýaşyl” geljege gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

Mejlisde çykyş eden hünärmenleriň belleýişleri ýaly, nebit senagatynyň işiniň ekologik taýdan arassalygyny üpjün etmegiň zerurdygy bilen baglylykda, ulanylýan tehnologiýalar adamyň daşky gurşawy goramak işjeňligine goşant goşmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz ýataklaryny rejeli özleşdirmek üçin täsirli we ekologik taýdan arassa usullaryň işlenip taýýarlanylmagy daşky gurşawy hapalanmakdan goramakda wajyp ähmiýete eýedir. Tehnogenez ýagdaýyň, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ähli basgançaklarynda, ýagny gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamak, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, peýdalanmak, ulanyşdan galan desgalary aýyrmak işinde ýüze çykyp bilýändigine tejribede göz ýetirmek bolýar. Bu ýagdaýlar ekologik howpsuzlyga uly zyýan ýetirýär. Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň iň täze enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde, nebit hem-de gaz ýataklarynyň işjeň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly infrastruktura hem ösüş häsiýetine eýe bolar. Häzirki wagtda toplanan öňdebaryjy tejribäni peýdalanmak, tebigaty goramagyň täze tehnologiýalary boýunça tekliplerdir standartlar işlenip düzülýär.

Ara alyp maslahatlaşmalara, mejlislere we pikir alyşmalara, şol sanda sanly ulgam arkaly maslahatlara iri halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň — BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň wekilleri, «Capterio», «Yug-Neftegaz Private Limited», «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd», «Baker Hughes», «NaPeCo», «Mitro International», «ADNOC», «CNPC», «Eni S.p.A.», «Dragon Oil», «Lukoil» ýaly nebitgaz pudagynyň meşhur düzümleriniň, bu ugurda hereket edýän kompaniýalaryň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), Ählumumy gaz merkeziniň, Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň, «SPE-International» nebit inženerleri jemgyýetiniň, Energetika hartiýasynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, energetika pudagynyň geljegi, esasan, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň nähili çözüljekdigine we belli bir ýurtda hem-de dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine bagly bolar. Halkara derejede howanyň üýtgemegini dolandyrmak boýunça ählumumy ulgamy guramak ugrundaky ilkinji ädimler 1992-nji ýylda ädildi. Şonda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gol çekildi. Soňra halkara derejede howanyň üýtgemegi bilen bagly birnäçe resminamalar kabul edildi. Şunda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerinde 2015-nji ýylda kabul edilen Pariž ylalaşygy parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşynyň möçberini ýokarlandyrmak we bölünip çykýan kömürturşy gazynyň möçberini çäklendirmek boýunça çärelere ýardam bermäge gönükdirilendir.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan arassa energiýa geçmegiň zerurdygyny bellediler. Uglewodorodlary gazyp almagyň, ekologik taýdan arassa önümleri we hyzmatlary üpjün etmegiň önümçilik zynjyrynyň düzüminde metanyň, ugurdaş gazyň zyňyndylaryny hasaplamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Kömürturşy gazynyň daşky gurşawa goýberilýän möçberiniň azaldylmagy we tebigy gaza bolan islegiň artmagy dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çuňňur gyzyklanma bildirýän döwründe dünýä energetikasynyň ösüşinde esasy uzak möhletleýin ugurdyr. Şeýle-de foruma gatnaşyjylar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň, ilkinji nobatda, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän Gün we ýel energiýasynyň möhüm ornuny nygtadylar. Energiýanyň arzan, ygtybarly, döwrebap çeşmelerine giň elýeterliligiň bolmagy ähli ýurtlaryň okgunly ösmegi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.

Zyňyndylary ölçemekde tehnologik innowasiýalaryň, sanly serişdeleriň we hasaplaýyş hyzmatlarynyň kömegi bilen nebitgaz senagaty parnik gazlarynyň, kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaldyp biler we ýakyn geljekde ekologik taýdan arassa energiýa bilen üpjün eder. Ýurdumyz 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejede ösüşini gazanmagy, uzak möhletleýin geljekde bolsa öz serişdeleriniň hasabyna, halkara guramalaryň we maliýe institutlaryň goldamagynda her ýylda zyňyndylary ep-esli azaltmagy meýilleşdirýär. Halkara derejeli bilermenler türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini paýlaşdylar, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, köp mukdardaky kömürturşy gazyny we atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmak, kömürturşy gazyny himiki taýdan peýdalanmak, dökün öndürmekde ulanmak boýunça hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, gazy arassalamak we suwsuzlandyrmak, harytlyk gazy öndürmek, kükürt wodorody gaýtadan işlemek, ownatmak we gaplamak üçin häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gazy gaýtadan işleýän toplumlar gurulýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan öz ägirt uly mümkinçiliklerini ählumumy bähbitler üçin ulanmagy teklip edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda garaýyşlaryny beýan edýär. Energetika ulgamynda strategik başlangyçlary goldamak bolsa geljekde bu ugurda iri taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm binýat bolup durýar.