mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

02.12.2025

total-veiw

4643

Medeni diplomatiýa — dowamatlylyk we täzeçil çemeleşmeler

Häzirki wagtda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän möhüm durmuş-ykdysady özgertmeler medeni syýasata hem oňyn täsirini ýetirýär. Şunda jemgyýetçilik durmuşynyň döredijilik we bilim-terbiýe ýaly esasy ulgamlaryndan başlap, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna çenli aýratyn üns berilýär. 8-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz halkymyzyň milli medeni mirasynyň, däp-dessurlarymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini belledi hem-de «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama halklary jebisleşdirmekde we dostlaşdyrmakda medeniýetiň täsirini artdyryp, medeni diplomatiýanyň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

news-photo

02.12.2025

total-veiw

4220

Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

news-photo

02.12.2025

total-veiw

6180

Dünýä çempionatynda Türkmenistandan üç boksçy çykyş eder

4 – 13-nji dekabr aralygynda Dubaýda (BAE) Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygy astynda geçirilýän Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň adyndan üç boksçy çykyş eder.

news-photo

02.12.2025

total-veiw

4798

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary täze zehinleri bilen tapawutlandylar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bu şöhratly senä bagyşlanan talyplaryň eserleriniň sergisi açyldy.

news-photo

02.12.2025

total-veiw

5127

Mugallymlar emeli aňy bilim ulgamynda ulanmak boýunça maslahata gatnaşdylar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary ÝUNESKO-nyň goldawy astynda ýokary bilim ulgamyndaky innowasiýalar boýunça halkara merkezi (UNESCO-ICHEI) tarapyndan guralan «Pedagoglaryň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen: döredijilikli emeli aňyň (EA) okatmakda we öwrenmekde gizlin ukyplaryny açmak» atly sanly ulgam arkaly geçirilen maslahata gatnaşdylar.

news-photo

02.12.2025

total-veiw

5636

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat we sergi

Bagtyýar zamanamyzyň nurana keşbi, ajaýyp geljegimiziň ygtybarly kepili bolan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde bu şanly senä bagyşlanan ýokary ruhubelentlige beslenen dürli çäreler giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýar.

news-photo

02.12.2025

total-veiw

3535

Aşgabatda «Bitaraplyk Kubogy» atly hokkeý boýunça ýaryşy başlandy

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda başlanan «Bitaraplyk Kubogy» atly hokkeý boýunça ýaryşy sekiz topary bir ýerde jemledi.

news-photo

02.12.2025

total-veiw

4034

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­na we ýur­duň äh­li do­gan­lyk hal­ky­na Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň mil­li baý­ra­my — Döw­le­tiň jar edi­len gü­ni my­na­sy­bet­li mä­hir­li gut­lag­la­ry­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di.

news-photo

01.12.2025

total-veiw

3509

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

news-photo

01.12.2025

total-veiw

3917

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

...3255