mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

30.11.2025

total-veiw

4798

Türkmenistan parahatçylyk dörediji taglymlary we uzak möhletleýin innowasion taslamalary ilerledýär

Ýakyn goňşy we sebit döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

30.11.2025

total-veiw

7529

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek, zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek we bu ugurda halkara guramalar bilen çagalaryň inklýuziw ösüşi babatda gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

news-photo

30.11.2025

total-veiw

8264

Türkmenistanda banknotlaryň täze nusgalary dolanyşyga girizilýär

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Merkezi banky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 1-nji dekabryndan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizýär.

news-photo

30.11.2025

total-veiw

3942

Türkmenistanyň ýygyndy topary 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyrynda Tailandyň toparyndan üstün çykdy

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyñ futbolçylary Tailandyň Çonburi şäherinde 17 ýaşa çenli (U17) ýetginjekleriň arasynda geçirilýän 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Tailandyň toparyny 3:2 hasabynda ýeňip, ýaryşyň ikinji ýeňşini gazandylar.

news-photo

29.11.2025

total-veiw

3155

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

news-photo

29.11.2025

total-veiw

5481

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň agza döwletleriniň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türki dünýäsiniň 2025-nji ýyldaky medeni paýtagty bolan Aktauda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy. 

news-photo

29.11.2025

total-veiw

4529

«Parahatçylygyň waspçylary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň hem-de «Biznes reklama» gazetiniň bilelikde yglan eden «Parahatçylygyň waspçylary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

news-photo

28.11.2025

total-veiw

5098

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

28.11.2025

total-veiw

25516

Ylmy intellektual eýeçilik hakynda Türkmenistanyň Kanuny

Şu Kanun ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleri döredilende we peýdalanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär we ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerine eýeçilik hukugynyň goralyp saklanylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

28.11.2025

total-veiw

19208

Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

I. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Zähmet kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 30-njy madda; 2010 ý., № 1, 6-njy madda, № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 1, 26-njy madda, № 4, 81-nji madda; 2012 ý., № 1, 12-nji madda; 2013 ý., № 2, 45-nji madda, № 3, 48-nji madda; 2014 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 129-njy we 151-nji maddalar; 2015 ý., № 1, 35-nji madda, № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 

...3255