Ï Ylmy intellektual eýeçilik hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylmy intellektual eýeçilik hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 1660

Şu Kanun ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleri döredilende we peýdalanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär we ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerine eýeçilik hukugynyň goralyp saklanylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ylmy intellektual eýeçilik — ylmy ugurda intellektual eýeçiligiň görnüşi bolan ylmy-barlag, taslama-gözleg, tejribe-konstruktorçylyk we tejribe-tehnologik işleriň (mundan beýläk — ylmy işler) netijelerine bolan eýeçilikdir;

2) ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleri — döredilişiniň maksatlaryna, häsiýetli aýratynlyklaryna, mazmunyna, beýan edilişiniň görnüşlerine baglylykda monografiýalar, dissertasiýalar, ylmy nutuklar, ylmy makalalar, ylmy hasabatlar, şeýle hem görkezilen eserleriň obýektlerinden gelip çykýan ylmy-usulyýet gollanmalary, annotasiýalar, referatlar we ylmy intellektual eýeçiligiň gaýtadan işlenen beýleki obýektleri;

3) ylmy eser — fiziki şahsyň (şahslar toparynyň) döredijilikli zähmetiniň barşynda alnan, belli bir obýektiw görnüşde beýan edilen we ylmy işleriň netijeleri boýunça intellektual işiň ylym çygrynda alnan, täze ylmy bilimi özünde saklaýan goralýan netijesi;

4) monografiýa — haýsydyr bir tema ýa-da özara baglanyşykly birnäçe tema boýunça geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde alnan, täze bilimleri özünde jemleýän ylmy neşir;

5) dissertasiýa — haýsydyr bir tema boýunça ornaşdyrylmagy degişli pudak üçin möhüm ähmiýete eýe bolan ýa-da ýurduň ösmegine uly goşant goşýan, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütler beýan edilen, barlaglaryň umumylaşdyrylan netijelerini özünde saklaýan ylmy derejelendiriş iş;

6) ylmy nutuk — haýsydyr bir tema boýunça ylmy barlaglaryň netijeleri açylyp görkezilen, jemagat öňünde mälim edilen iş;

7) ylmy makala — haýsydyr bir ylmy tema boýunça nazary we amaly umumylaşdyrmany özünde saklaýan, ylmy neşirde çap edilen iş;

8) awtor — ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň obýektini döredijilik zähmeti bilen döreden fiziki şahs;

9) awtordaş — ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň obýektini awtor bilen bilelikdäki döredijilik zähmeti bilen döreden fiziki şahs ýa-da şärikli awtor;

10) iş beriji — işgäre ylmy intellektual eýeçiligiň obýektini döretmek barada gulluk tabşyrygyny beren fiziki ýa-da ýuridik şahs;

11) gulluk tabşyrygy — gulluk borçlaryny ýa-da iş berijiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen bagly, ylmy intellektual eýeçiligiň obýektini işläp taýýarlamak (döretmek) barada işgäre ýa-da ýuridik şahsa berlen tabşyryk;

12) ýerine ýetiriji — iş çygrynda, gulluk tabşyrygy ýa-da şertnamanyň esasynda ylmy intellektual eýeçiligiň obýektini döretmek barada işi ýerine ýetirýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;

13) işläp taýýarlaýjy (dörediji) — gulluk tabşyrygy ýa-da şertnamanyň esasynda ylmy intellektual eýeçiligiň obýektini işläp taýýarlaýan (döredýän) ylmy işgär, inžener, oýlap tapyjy we beýleki hünärmen ýa-da ýuridik şahs;

2-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Ylmy intellektual eýeçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, şu Kanundan we ylmy intellektual eýeçilik bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

1. Şu Kanun ylmy intellektual eýeçilik çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär, ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan awtorlyk hukuklaryň görnüşlerini kesgitleýär we şol obýektlerden peýdalanylanda hukuklaryň goralmagyna gönükdirilendir.

2. Şu Kanunyň hereketi ylmy işiň barşynda ýüze çykýan ylmy intellektual eýeçiligiň netijesi bolan kompýuterler üçin programmalar, maglumatlar binýady, oýlap tapyşlar, peýdaly modeller, senagat nusgalary, seleksiýanyň gazananlary, integral mikroshemalaryň topologiýasy, täjirçilik syrlary bolup durýan obýektleriň döredilmegi bilen bagly gatnaşyklara degişli däldir.

4-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary

Şu Kanunyň maksatlary şulardan ybaratdyr:

1) ylmy intellektual we innowasion işiň netijeli ösdürilmeginiň esaslarynyň pugtalandyrylmagy;

2) ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleriniň döredilmegi üçin şertleriň üpjün edilmegi;

3) ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan hukuklaryň goralmagynyň üpjün edilmegi.

5-nji madda. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleriniň görnüşleri

1. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerine ylmy işleriň obýektiniň görnüşine getirilen aralyk, ahyrky we goşmaça häsiýetdäki netijeler degişlidir.

2. Aralyk häsiýetdäki netijelere şertnamada, gulluk tabşyrygynda göz öňünde tutulan, ylmy işiň dowamynda döredilen ýa-da alnan, ýöne şol işleriň ahyrky jemi bolup durmaýan obýektler degişli edilýär.

3. Ahyrky häsiýete eýe bolan netijelere şertnamada, gulluk tabşyrygynda göz öňünde tutulan ylmy işleriň jemi hökmünde döredilen ýa-da alnan obýektler degişli edilýär.

4. Goşmaça häsiýetdäki netijelere şertnama, gulluk tabşyrygy esasynda geçirilýän ylmy işleriň dowamynda döredilen ýa-da alnan, ýöne şol şertnamada, gulluk tabşyrygynda göz öňünde tutulmadyk, şeýle hem şertnamada, gulluk tabşyrygynda görkezilenlerden tapawutlanýan şeýle maksatlar üçin ulanmaga ýaraýan obýektler degişli edilýär.

5. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleri islendik görnüşde hödürlenip bilner, şeýle hem onuň nusgasy häzirki wagtda belli bolan ýa-da geljekde dörediljek islendik maglumat göterijä geçirilip bilner.

6-njy madda. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektiniňesasy hukuk alamatlary

1. Döredijilikli häsiýeti, täzeçilligi we beýan edilişiniň obýektiw görnüşi ylmy intellektual eýeçiligiň obýektiniň esasy hukuk alamatlarydyr.

2. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektiniň döredilmegi awtoryň (awtordaşlaryň) intellektual döredijilikli işiniň netijesi bolmalydyr.

7-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik hukugy we onuň ýüze çykmagy üçin esaslar

1. Ylmy intellektual eýeçilik hukugy onuň eýesiniň öz işläp taýýarlan ylmy teklipleriniň bildirilýän talaplara laýyk gelýän obýekt görnüşine getirilen netijelerine öz isleýşine görä eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa ygtyýar etmäge kanun arkaly ykrar edilen hem-de goralýan mümkinçiligiň berilmeginden ybaratdyr. Ylmy işleriň netijelerini onuň awtorynyň, eýesiniň rugsady bolmazdan hiç kimiň peýdalanmaga hukugy ýokdur. Ylmy maksatlar üçin (dissertasiýada, monografiýada, ylmy makalada we beýleki ylmy işlerde), bellenen tertipde salgylanmak bilen, awtoryň rugsady bolmazdan çäkli peýdalanmaga kanunçylykda kesgitlenen esaslarda ýol berilýär.

2. Ylmy intellektual eýeçilik hukugy hem-de ondan peýdalanylmagy ynsanperwer maksatlarda amala aşyrylmalydyr, ol fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini bozmaly däldir we daşky gurşawa zyýan ýetirmeli däldir.

3. Ylmy intellektual eýeçilik hukugy şular esasynda ýüze çykýar:

1) ylmy işleriň dürli görnüşdäki obýekti hökmünde aralyk we ahyrky netijeleri almak hem-de peýdalanmak;

2) alnan netijeleriň ýörite şertnama (ylalaşyk) baglaşmak arkaly durmuşa geçirilmegi;

3) ylmy iş aýry-aýry raýatlar ýa-da olaryň toparlary (kollektiwleri) tarapyndan özbaşdak geçirilende, şol sanda olar telekeçilik işi bilen meşgullananda ylmy işleriň obýektine öwrülen görnüşinde berlen netijelerini almak;

4) şu Kanunyň 5-nji maddasynyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan ylmy işleriň obýekt görnüşine getirilen goşmaça netijelerini almak.

8-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň subýektleri

1. Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň fiziki we ýuridik şahslary ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň subýektleri bolup bilerler.

2. Ylmy intellektual eýeçiligiň eýesi bolmak hukugy eýeçilik obýektini işläp taýýarlaýja, ýagny ylmy intellektual eýeçilik obýektini döretmäge gös-göni gatnaşan şahsa ýa-da şahslaryň toparyna degişlidir.

3. Şertnama (ylalaşyk), zähmet gatnaşyklary, gulluk tabşyrygy esasynda döredilen ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleriniň awtory, eýesi bolmak hukugy iş berijä we beýleki hukuk kabul edijilere (şol sanda, miras hukugy ýa-da hukuk kabul edijiligiň beýleki görnüşleri) hem degişli bolup biler.

4. Eger iş beriji ýuridik şahs (ylym-bilim edaralary we beýleki edaralar, kärhanalar, guramalar) bilen işläp taýýarlaýjynyň arasynda şertnama baglaşylyp, şonuň esasynda hem işläp taýýarlaýjy ylmy intellektual eýeçilige bolan ähli hukugy iş berijä berýän bolsa, onda iş beriji ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleriniň eýesi bolýar.

9-njy madda. Ylmy intellektual eýeçilik babatynda ygtyýarly edaralar

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ylmy intellektual eýeçilik çygrynda döwlet syýasatyny amala aşyrýar.

2. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ylmy intellektual eýeçilik çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edarasydyr.

3. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy (mundan beýläk — Türkmenpatent) ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerini hasaba almagy amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edarasydyr.

10-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ylmy intellektual eýeçilik çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýar.

11-nji madda. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ylmy intellektual eýeçilik çygrynda:

1) ylmy intellektual eýeçilik babatdaky işiň düzgünleşdirilmegini amala aşyrýar;

2) ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerini döretmek we peýdalanmak babatynda teklipleri işläp taýýarlaýar;

3) ylmy edaralar we raýatlar tarapyndan ylmy eserleriň döredilmeginde olara döwlet goldawyny bermek boýunça çäreleriň meýilnamasyny işläp düzýär;

4) ylmy-usuly ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

5) ylmy edaralaryň ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerini döretmek bilen bagly işlerini utgaşdyrýar;

6) ylmy işgärleriň taýýarlanylmagyny, gaýtadan taýýarlanylmagyny we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny amala aşyrýar;

7) ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleri bolan ylmy eserleriň sanawyny ýöredýär, sanawa girizilmegi üçin zerur bolan maglumatlary özünde saklaýan resminamalaryň görnüşlerini taýýarlaýar;

8) halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýar.

12-nji madda. Türkmenpatentiň ygtyýarlylygy 

Türkmenpatent ylmy intellektual eýeçilik çygrynda:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

2) halkara şertnamalary baglaşmak boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

3) Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen maglumatlaryň özara alşylmagy boýunça işleri amala aşyrýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýar.

13-nji madda. Ylmy edaralaryň işi

Ylmy edaralar:

1) ylmy eserleri döredýärler we (ýa-da) olaryň döredilmegine ýardam berýärler;

2) ylmy intellektual eýeçilik çygrynda döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň esasy ugurlary we durmuşa geçirilmegi boýunça teklipleri girizýärler;

3) ylmy eserleriň döredilmeginde ylmy guramalara we raýatlara döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça çäreleriň meýilnamalaryny işläp düzmäge gatnaşýarlar;

4) ylmy eserleri döretmek we peýdalanmak meseleleri boýunça ylmy-usuly ýolbaşçylygy amala aşyrýarlar;

5) ylmy eserleriň hasaba alynmagy üçin, olar barada maglumatlary ygtyýarly edara berýärler;

6) ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerini döretmek meseleleri boýunça halkara ylmy guramalaryň işine gatnaşýarlar, ylmy-tehniki we ylmy-maglumat hyzmatdaşlygy barada ylalaşyklary baglaşýarlar;

7) redaksion-neşir işlerini, şol sanda ylmy ýygyndylaryň, monografiýalaryň we ylmy eserleriň gaýry görnüşleriniň, döwürleýin we yzygiderli neşirleriň çap edilmegini amala aşyrýarlar;

8) monografiýalaryň, dissertasiýalaryň, ylmy ýygyndylaryň, ylmy nutuklaryň bilermenler seljermesini geçirýärler we olaryň çap edilmegi üçin teklipleri berýärler;

9) ylmy eserleri döretmek barada fiziki we ýuridik şahslar bilen şertnamalary baglaşýarlar;

10) ylmy işgärlere intellektual işiň netijelerine bolan hukugy kepillendirýän resminamalaryň bellige alynmagynda, şeýle hem olaryň awtorlyk hukuklarynyň goralmagynda ýardam berýärler;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda olaryň işine degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

14-nji madda. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektini işläp taýýarlaýjynyň (döredijiniň) hukuklary

1. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektini işläp taýýarlaýjynyň (döredijiniň) raýat-hukuk şertnamasyna, zähmet şertnamasyna ýa-da köpçülikleýin şertnama (ylalaşyga) laýyklykda töleg almaga hukugy bardyr. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bu hukuk miras boýunça geçýär.

2. Zähmet şertnamasynda, raýat-hukuk şertnamasynda ýa-da köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) ylmy intellektual eýeçiligiň obýektiniň awtorynyň, eýesiniň şol obýekti peýdalanmakdan alan girdejisiniň belli bir bölegine ylmy intellektual eýeçilik obýektini işläp taýýarlaýjynyň (döredijiniň) hukugynyň bardygy göz öňünde tutulyp bilner.

15-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň şertnama esasynda ýüze çykmagy

1. Ylmy intellektual eýeçilik hukugy ylmy işleri geçirmek we belli bir ylmy netijeleri almak babatynda buýrujy bilen ýerine ýetirijiniň baglaşan şertnamasy (ylalaşygy) esasynda ýüze çykyp biler.

2. Şertnamada (ylalaşykda) şol işleriň aralyk, ahyrky we goşmaça netijeleri üçin ylmy intellektual eýeçiligiň hukuk düzgüni, maliýeleşdirmegiň we maddy-tehniki üpjünçiligiň çeşmeleri, işleriň netijeleriniň eýesi, şol netijeleriň ýaşyrynlygyny üpjün etmegiň halatlary we şertleri, ylmy intellektual eýeçiligiň obýektini ýeke-täk ýa-da tutuşlaýyn döretmek ýa-da ulanmak, ylmy intellektual eýeçilik hukugyny başga şahslara geçirmegiň (bermegiň) şertleri, şol hukugyň bozulandygy üçin jogapkärçilik, şol hukugy peýdalanmakdan alnan girdejileri paýlamak, şeýle hem şertnama baglaşmakdan gelip çykýan beýleki şertler kesgitlenilmelidir.

16-njy madda. Ylmy intellektual eýeçiligiň goragy üçin şertnamanyň mazmunyna bildirilýän talaplar

1. Ylmy intellektual eýeçilik hukugy ylmy edaranyň ýa-da guramanyň gulluk ýa-da ýörite tabşyrygy (iş meýilnamalary) boýunça ylmy işler geçirilende raýat-hukuk şertnamasy, zähmet şertnamasy, köpçülikleýin şertnama (ylalaşyk) esasynda ýüze çykyp biler.

Şertnamada (ylalaşykda) şu Kanundan gelip çykýan hem-de ylmy intellektual eýeçilik hukugyny goramaga gönükdirilen talaplar görkezilmelidir, şeýle hem şol hukugyň bozulmagyna ýol berlendigi üçin emläk jogapkärçiligi ýa-da gaýry jogapkärçilik göz öňünde tutulmalydyr.

2. Zähmet şertnamasynda ylmy intellektual eýeçiligi goramak hakynda çäreler göz öňünde tutulmadyk halatynda kärhananyň, edaranyň, guramanyň administrasiýasynyň, şol şertleri üýtgetmezden, oňa şu Kanundan gelip çykýan ylmy intellektual eýeçiligi goramaga gönükdirilen, şeýle hem şol hukugyň bozulmagyna ýol berlendigi üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan talaplary girizmäge hukugy bardyr.

Zähmet şertnamasy esasynda işläp taýýarlaýjy işi dowam etdirmekden boýun gaçyran halatynda, şertnama bellenen tertipde ýatyrylyp bilner.

17-nji madda. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerini peýdalanmak

1. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerini hojalyk işinde, şol sanda hem telekeçilik işinde peýdalanmakdan alnan girdeji, raýat-hukuk şertnamasynda, zähmet şertnamasynda, köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) ýa-da gaýry ylalaşykda işläp taýýarlaýjy üçin şertleşilen paýdan özgesi obýektiň eýesine degişlidir.

2. Anyk obýektler barada ylmy intellektual eýeçilik hukugy eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli kärhananyň, edaranyň, guramanyň esaslyk maýasyny döretmek üçin goýum hökmünde berlip bilner.

3. Kärhananyň, edaranyň, guramanyň ylmy intellektual eýeçiligiň eýesi bilen şertnama baglaşmak arkaly ylmy intellektual eýeçiligiň eýesinden alnan obýektleri peýdalanmak ýa-da öz hyzmatdaşlaryna (kontragentlerine) tölegli şertde bermek hakynda dellalçylyk etmäge hukugy bardyr.

4. Döwletiň howpsuzlygyny ýa-da ýurduň goranmagyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan fiziki we ýuridik şahslaryň ylmy intellektual eýeçilik obýektlerine ygtyýar etmek hukugyny çäklendirmek diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenen tertipde amala aşyrylyp bilner.

5. Eger fiziki we ýuridik şahslar ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerini bellige almazdan (hasaba goýmazdan) öň ylmy intellektual eýeçiligiň eýesinden we awtoryndan aýratynlykda şoňa meňzeş obýekti döreden hem-de peýdalanan bolsalar ýa-da ony peýdalanmak üçin zerur taýýarlyk gören bolsalar, onda olar şol obýektiň göwrümini giňeltmän, şondan beýläk hem mugt peýdalanmak hukugyny özünde saklaýarlar.

18-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik hukugyny başga birine geçirmek (bermek)

1. Ylmy intellektual eýeçiligiň eýesiniň ylmy intellektual eýeçilik hukugyny beýleki fiziki we ýuridik şahslara doly ýa-da bölekleýin geçirmäge (bermäge) hukugy bardyr.

2. Ylmy intellektual eýeçiligiň eýesi şeýle hukugyny başga birine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölegli ýa-da tölegsiz esasda geçirip biler, şeýle hem şol geçirilen hukugy hyzmatdaşyň (kontragentiň) peýdalanmagy arkaly alnan girdejiniň degişli paýyny üpjün edýän derejede birek-birege peýdaly şertlerde geçirip biler.

3. Hukugy başga birine geçirmek hakynda şertnamada hyzmatdaşyň (kontragentiň) şol geçirilen hukugy peýdalanmak arkaly alnan girdejiden degişli paýyny obýektiň eýesiniň almak hukugy, şeýle hem şol girdejini hem-de degişli paýy hasaplamagyň usuly we tertibi, hasaplaşyklary ýöretmegiň we barlamagyň usullary şertleşilip bilner.

4. Hukugyň başga birine geçirilmegi aýratyn häsiýete eýe bolup biler. Şeýle halatda özüne hukuk geçirilen şahs özüne berlen hukugy şol şertnamanyň (ylalaşygyň) çäklerinde başga şahs, şol sanda ylmy intellektual eýeçiligiň eýesi gatnaşmazdan peýdalanyp biler hem-de eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şol geçirilen hukugy peýdalanar ýaly başga şahslara aýratyn häsiýete eýe bolmadyk ygtyýarlary berip biler.

Hukugyň başga birine geçirilmegi yzyna alynmasyz häsiýete eýe bolup biler. Şeýle halatda obýektiň eýesi ylmy intellektual eýeçiligi peýdalanmak üçin başga şahsa beren ygtyýarnamasyny yzyna alyp bilmeýär.

Ylmy intellektual eýeçiligiň başga birine geçirilmegi şertnama görnüşinde, kanunda kesgitlenen halatlarda bolsa, bellenen tertipde alnan ygtyýarnama esasynda ýazmaça resmileşdirilmelidir.

19-njy madda. Ýaşyrynlygy berjaý etmegiň hökmanylygy

1. Taraplar ylmy işleri geçirmek ýa-da onuň netijelerini peýdalanmak üçin raýat-hukuk şertnamasyny, zähmet şertnamasyny ýa-da köpçülikleýin şertnamany (ylalaşygy) baglaşanda şol işleriň netijelerini, şol netijeleriň alnyşy hakynda maglumatlary, marketing, maliýe işi hakynda maglumatlary hem-de şertnamanyň düýp mazmuny we şertleri bilen baglanyşykly başga maglumatlary, ýagny ýaşyryn diýlip kesgitleme berilýän (mundan beýläk — ýaşyryn maglumat) maglumatlary ýaşyryn saklamak we aýan etmezlik barada özara borç edinip bilerler.

2. Ýaşyryn maglumatyň aýan edilmegi ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň bozulmagy hasaplanýar we bu düzgüni bozujynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da şertnamada bellenen emläk ýa-da gaýry jogapkärçiliginiň ýüze çykmagyna getirýär.

3. Diňe şu maglumatlar barada kadadan çykylmagyna ýol berilýär:

1) şertnama baglaşmazdan ozal taraplara mälim bolan maglumatlar;

2) ýaşyrynlygy berjaý etmek borjy bolmadyk ýagdaýda üçünji bir şahsdan alnan maglumatlar;

3) kanunçylykda ýa-da şertnamada bellenen beýleki maglumatlar.

4. Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da şertnamada (zähmet şertnamasynda, ylalaşyklarda) göz öňünde tutulan halatlarda ýaşyrynlygy saklamak borjy şertnamalaýyn ýa-da zähmet gatnaşyklary ýatyrylandan soň, eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, bir ýylyň dowamynda hereket edýär.

5. Ylmy intellektual eýeçiligiň eýesi ýa-da şol eýeçilik hukugy özüne geçirilen (berlen) şahs ýaşyrynlygy saklamak kadalarynyň bozulmagy arkaly özüne ýetirilen maddy zyýanyň öweziniň dolunmagyny kanunçylykda bellenen tertipde talap edip biler.

6. Fiziki we ýuridik şahslar özleriniň seljerme geçirmek ýa-da syn bermek (resenziýa etmek) üçin alan ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleri babatda ýaşyrynlygy saklamaga borçludyrlar.

20-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik hukugyny goramak

1. Ylmy intellektual eýeçilik babatynda ygtyýarly edaralar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň goragyny üpjün edýärler.

2. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektiniň eýesiniň hukuklarynyň bozulmagyna getirýän işiň görnüşleri kanunda bellenen tertipde ýatyrylýar.

3. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektiniň eýesi özüniň ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň islendik görnüşde bozulmagynyň öňüniň alynmagyny we aradan aýrylmagyny talap edip biler.

4. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerine ýetirilen zyýanyň we beýleki şahslaryň ylmy intellektual eýeçiliginiň obýektlerine eýelik etmek, olary peýdalanmak ýa-da olara ygtyýar etmek hukugyny bozýan bikanun namalaryň çykarylmagy ýa-da bikanun hereketleriň edilmegi netijesinde fiziki we ýuridik şahslara ýetirilen zyýanyň öwezi doly möçberde, şeýle namany çykaran edaranyň ýa-da şeýle zyýany ýetiren şahsyň serişdeleriniň hasabyna tölenilýär.

21-nji madda. Bilelikdäki kärhanalaryň, daşary ýurtly fiziki we ýuridik şahslaryň we daşary ýurt döwletleriniň ylmy intellektual eýeçiligi

1. Daşary ýurtly fiziki we ýuridik şahslaryň gatnaşmagy bilen Türkmenistanyň çäginde döredilen bilelikdäki kärhanalar ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerine eýelik edip, olary peýdalanyp we olara ygtyýar edip bilerler.

2. Şu Kanunyň kadalary daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ylmy intellektual eýeçiligi barada hem ulanylýar.

3. Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda we kanunçylygynda bellenen tertipde Türkmenistanyň çäginde ylmy intellektual eýeçilik hukugyna eýe bolup bilerler.

22-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň möhleti

1. Ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň awtorlyk (awtordaşlyk) hukugy, adyna bolan hukuk ýa-da awtoryň abraýyny goramaga bolan hukuk Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen möhletde goralýar.

2. Ylmy intellektual eýeçiligiň eýesiniň guramasy üýtgedilip guralan ýa-da ýatyrylan halatynda, ýa-da şeýle eýeçiligiň eýesi bolan fiziki şahs aradan çykan mahalynda, şol hukuk olaryň oruntutarlaryna geçýär.

23-nji madda. Ylmy intellektual eýeçilik çygrynda maliýe üpjünçiligi

Ylmy intellektual eýeçilik çygrynda maliýe üpjünçiligi aşakdakylaryň hasabyna amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň;

2) býujetden daşary serişdeleriň;

3) ylmy guramalaryň hojalyk işiniň hasabyna alynýan serişdeleriň;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň.

24-nji madda. Ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerini bellige almak we hasabyny ýöretmek

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenpatent ylmy intellektual eýeçilik çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerini bellige alýarlar we hasabyny ýöredýärler.

25-nji madda. Jedelleri çözmek

Ylmy intellektual eýeçilik çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.

26-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

27-nji madda. Şu Kanunyň herekete girizilmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

2. Şu Kanunyň herekete girizilen gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1992-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 9, 86-njy madda);

2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň IV bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda).

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 22-nji noýabry.