17.03.2026
4095
Nowruz geldi ilime!
Gündogarda baharyň gelmegi gadymy döwürlerden bäri şatlyk-şowhunly baýram edilip gelinýär. Bu ýagdaý her bir öýde, arassa, dury howada, gök öwüsýän otlarda, daragt şahalaryndaky pyntyklarda duýulýar.
17.03.2026
2646
Küştçi gyzlarymyz Buharada geçen halkara ýaryşda mynasyp çykyş etdiler
Türkmenistanly küştçi gyzlar ýakynda Özbegistanyň Buhara şäherinde tamamlanan «Women’s Chess Championship» atly 4-nji halkara zenanlaryň küşt çempionatynda ýokary netije görkezdiler.
17.03.2026
1647
Mogilýowyň wagongurluşyk zawody Türkmenistanyň bazaryna ornaşmagy maksat edinýär
Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi öz işini dowam edýär.
17.03.2026
1512
«Nurland» milli brendi erkeklere niýetlenen kostýumlary tikmek sungatyny görkezýär
17-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýylyň möhüm işewür wakalarynyň biri bolan ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanylan sergi açyldy.
17.03.2026
1932
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi öz ýurduna berlen ynsanperwer kömek üçin hoşallyk bildirdi
Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani 16-njy martda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahatyny geçirdi. Duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we ynsanperwer hyzmatdaşlyga bagyşlandy.
17.03.2026
2169
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli guralýan serginiň we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
16.03.2026
2241
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
16.03.2026
8026
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak hem-de ýurdumyzyň ilatynyň Oraza we Milli bahar baýramlaryny dabaraly belläp geçmegi, oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
16.03.2026
7348
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.03.2026
2973
Daşoguz şäheriniň bagy-bossanlygyndaky tuýalar
Yzygiderli geçirilýän bag ekmek çäreleri, şol sanda her ýylky ählihalk bag ekmek dabaralarynyň netijesinde Daşoguzyň bag-bakjalary barha gözelleşýär. Bu günki gün şäheriň köçelerini, seýilgählerini we meýdançalaryny iňňe pürli, ýaprakly hem gyrymsy agaçlar bezeýär.