Ykdysadyýet
04.05.2024
5341
Gündogar sebitde pile ýygymy barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar
Lebap welaýatynyň ýüpekçileri irki möhletde pile ýygymyna girişdiler we bu möhüm çäre barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa, sebitde ýüpekçilik boýunça işleriň guramaçylykly ýola goýlandygynyň, gurçuk idetmekligiň agrotehniki kadalarynyň doly berjaý edilýändiginiň buýsandyryjy netijeleridir.
03.05.2024
5069
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Brýusselde geçirilen maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Ýewropa sebitiniň gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdy.
02.05.2024
6497
Baýry nebitgaz ojagy täze ösüşlere eýe bolýar
Ýurdumyzyň tebigy baýlyklary bolan nebitdir gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlary has-da tutanýerli zähmet çekýärler.
02.05.2024
6027
Garagum derýasynda suw akymyny ölçemek üçin awtomatik ulgam işe girizildi
Suw akymyny ölçemek üçin awtomatlaşdyrylan ulgam Garagum derýasynyň kenarynda işe girizildi.
30.04.2024
5429
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda daşary ykdysadyýet işine gatnaşyjylar bilen duşuşyklar dowam edýär
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri bilen daşary ykdysadyýet işine gatnaşyjylaryň arasynda duşuşyklar dowam edýär.
30.04.2024
5721
Ýokary depginde gurulýar
Daşoguz welaýatynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň we şäherden halkara howa menziline barýan gara ýoluň ugrunda tapgyrlaýyn gurulýan beýleki desgalaryň gurluşygynyň birinji nobaty tamamlaýjy tapgyra girdi. Şu güne çenli bu ýerde gurluşyk we gurnama işleri tamamlandy diýen ýaly.
30.04.2024
5901
Keramiki bezeg önümlerine isleg barha artýar
Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda hereket edýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän keramiki bezeg önümlerine isleg barha ýokarlanýar.
29.04.2024
5588
«Balkandokma» ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna mynasyp derejede zähmet çekýän önümçilik toplumlarynyň biri-de Günbatar sebitiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir.
29.04.2024
5190
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 65 million 358 müň amerikan dollaryna barabar boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.
29.04.2024
4901
Türkmenistanly hünärmenler dünýäniň nebit-gaz pudagynyň üstünlikleri bilen tanyşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 22–24-nji aprelinde Omanyň paýtagty Maskatanyň halkara sergi merkezinde guralan «Omanyň nebiti we energetikasy–2024» atly halkara sergä hem onuň çäginde geçen «Energiýanyň elýeterli, durnukly we netijeli çeşmeleri» atly halkara maslahata gatnaşdy. Bu çäre Oman Soltanlygynyň energetika we mineral baýlyklar ministrliginiň howandarlygynda «OMANEKSPO» kompaniýasy tarapyndan guraldy.