Ï Türkmenistanly hünärmenler dünýäniň nebit-gaz pudagynyň üstünlikleri bilen tanyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly hünärmenler dünýäniň nebit-gaz pudagynyň üstünlikleri bilen tanyşdylar

view-icon 1431
Türkmenistanly hünärmenler dünýäniň nebit-gaz pudagynyň üstünlikleri bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 22–24-nji aprelinde Omanyň paýtagty Maskatanyň halkara sergi merkezinde guralan «Omanyň nebiti we energetikasy–2024» atly halkara sergä hem onuň çäginde geçen «Energiýanyň elýeterli, durnukly we netijeli çeşmeleri» atly halkara maslahata gatnaşdy. Bu çäre Oman Soltanlygynyň energetika we mineral baýlyklar ministrliginiň howandarlygynda «OMANEKSPO» kompaniýasy tarapyndan guraldy.

Omanyň halkara sergisi we nebit-gaz hem energetika pudagynyň maslahaty energetika we nebit-gaz kompaniýalarynyň – Ýakyn Gündogaryň we tutuş dünýä bazarynyň iri işewür şahslarynyň hünär ussatlarynyň duşuşyk ýeri bolup hyzmat edýän täsirli işewür meýdançadyr. Sergide goýlan önümleriň dürlüligi nebit-gaz we energetika pudagy üçin iň täze enjamlary, gözegçilik gurallaryny we howpsuzlyk ulgamyny, galyndylary gaýtadan işlemegiň, ulanmagyň, senagat suwlaryny arassalamagyň tehnologiýasyny, toprak hapalanmasyny barlamak üçin enjamlary we başga-da köp zatlary öz içine alýar.

Maslahatda tanymal bilermenler çykyş edip, ýygnananlary täze pikirler we bilimler bilen tanyşdyrdylar, pudagyň häzirki ýagdaýyny emele getirýän we onuň durnukly, az uglerodly geljegine degişli möhüm mowzuklar boýunça tehniki tanyşdyrmalar-da geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň halkara sergä gatnaşmagy dünýä ýurtlarynyň nebit-gaz pudagynda gazananlary bilen tanyşmak, energetika gorlary netijeli ulanmak we sergileri guramak boýunça tejribe alyş-çalşygy üçin ajaýyp mümkinçilikdir.