Ï Türkmenistanda ýylyň başyndan bäri 17 Kanun kabul edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ýylyň başyndan bäri 17 Kanun kabul edildi

view-icon 2403

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde çykyş edip, şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Mejlisiň Başlygynyň habar berşi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 17-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda», «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar. 

Mundan başga-da, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi. Şu döwürde Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda Mejlisiň alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.