Ï Bötendagyň ösümlik dünýäsi Daşoguz sebitiniň ekologiýa durnuklylygyna goşant goşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bötendagyň ösümlik dünýäsi Daşoguz sebitiniň ekologiýa durnuklylygyna goşant goşýar

view-icon 1538
Bötendagyň ösümlik dünýäsi Daşoguz sebitiniň ekologiýa durnuklylygyna goşant goşýar

Şu günler Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri çöl ösümlikleriniň tohumlaryny taýýarlamak bilen meşgullanýarlar. Olar tarapyndan ýygnanan gara we ak sazaklaryň, çerkeziň, gandymyň, beýleki ösümlikleriň we gyrymsy agaçlaryň tohumlary guradylandan we saklanandan soň, sebitiň çöllük ýerlerinde bu ekinleriň geljekki ekilişleri üçin ulanylar. Tohumlaryň bir bölegi Bötendag alaňynda taýýarlanylar.

Bu ýerde döredilen bufer tokaý zolagy welaýat tokaý hojalygynyň işgärleriniň yzygiderli gözegçiliginde saklanýar. Onuň işgärleri bu ýerde çekilen suwaryş ulgamlarynyň düýbüni ýykgynlaryndan yzygiderli arassalamak, zerur bolan abatlaýyş işlerini, dürli möwsümleýin çäreleri geçirýärler. Sarygamyş kölüniň Gündogar kenaryndaky uly tokaý massiwi tozanyň geçmegine kynçylyk döredýär, çölleşmegiň, topragyň şorlaşmagynyň we ýaramazlaşmagynyň öňüni alýar, ekologiýa durnuklylygyna we daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga ýardam edýär.

Alymlar tarapyndan işlenip düzülen ýaşyl zolaklary döretmek boýunça maslahatlaryň esasynda, soňky ýyllarda bu ýerde müňlerçe gektar meýdanlarda şora çydamly we topragy berkleşdiriji ekinler ekildi. Belli bolşy ýaly, täze ýaşyl massiwiň ösümlik dünýäsi bilen Daşoguzda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň işgärler topary hem işjeň gyzyklanýar, olar Bötendag alaňynda ýetişdirilen saýaly agaçlaryň howany sazlamaga we ekologiýany gowulandyrmaga oňaýly täsirini seljerýärler.