Daşoguz welaýatynyň şalyçylary bu «merjen dänesini» ýygmagyň ýyllyk tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şu ýyl olar 8100 gektar şaly meýdanyndan 35.000 tonnadan gowrak hasyl aldylar. Sebitde esasy şaly öndüriji bolan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda, S.A.Nyýazow adyndaky, «27-nji oktýabr» ýöriteleşdirilen daýhan birleşikleri we «Ykbal açary» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýetişdirilip, harmana tabşyryldy.
Häzirki hasylyň esasyny ýerli howa şertlerinde synagdan geçirilen ýokary hasylly «Nöküs-2» we «Bereket» şaly görnüşleri düzýär. Ýokary görkezijilere ýetmäge hasyl kampaniýasynyň gowy guramaçylygy we ýöriteleşdirilen enjamlaryň, esasan hem ýokary öndürijilikli «John Deere» we «CLAAS» kombaýnlaryň netijeli ulanylmagy-da ýardam etdi. Häzirki wagtda şaly ýygymy dowam edýär.
Şaly ösdürip ýetişdirmek Daşoguz welaýatynda oba hojalygyň esasy pudaklarynyň biridir, şonuň üçin-de onuň yzygiderli ösdürilmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredildi. Ýerli daýhanlar her ýyl gektaryň hasyllylygyny 43 sentnere ýetirmegi başarýarlar.
Döwlet goldawynyň netijesinde sebitde ýokary hilli tohum taýýarlaýyş, ekiş, ýygym we saklama, şeýle hem ondan taýýar önüm almak ýaly doly önümçilik aýlawy döredildi. Bu iş ýurt içindäki sarp edijileri ýylda 30.000 tonna çenli halkara standartlaryna laýyk gelýän tüwi bilen üpjün edip bilýän döwrebap tüwi arassalaýjy desga tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar.