Paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty: abadançylygyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň maksatlary» diýen ady bilen maslahat geçirildi
Maslahata ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň, ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor mugallymlary, prorektorlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de myhmanlar gatnaşdylar.

Çykyşlarda Garaşsyz we baky Bitarap döwletimiziň ähli ugurlarynda gazanýan bedew batly ösüşleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşary syýasat işjeňliginiň mese-mälim ýokary göterilýändigini, türkmen diplomatiýasynyň sebit we dünýä derejesindäki oňyn täsiriniň gitdigiçe artýandygyny, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini, parahatçylyga we birek-birege ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlykda özara medeni-ynsanperwer, ylym-bilim gatnaşyklarynyň aýratyn orny eýeleýändigi buýsanç bilen bellenildi.