Ï «Şagadam» futbol topary 2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň finalyna çykmagy maksat edinýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Şagadam» futbol topary 2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň finalyna çykmagy maksat edinýär

view-icon 2046
«Şagadam» futbol topary 2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň finalyna çykmagy maksat edinýär

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparynyň futbolçylary ýarym finalyň duşuşygynda «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, 2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykmak ugrunda möhüm ädim ätdiler.

Duşuşyk Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.

At gazanan tälimçi Aly Gurbanyň toparyna ýeňşi Azizbek Bekçanowyň (2-nji minut) we Gurbanguly Garaýewiň (86-njy minut) geçiren gollary getirdi. Myhmanlar 27-nji minutda Nazar Towakelowyň dürs urgusy bilen jogap berdiler.

26-njy noýabrda bäsdeşler ýene-de «Şagadam» stadionynda, ýöne bu gezek eýýäm Türkmenistanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň yza süýşürilen oýnunyň çäklerinde duşuşarlar. Bu duşuşykda iki topar hem kümüş we bürünç medal ugrunda göreşýär.

Habar berlişi ýaly, 2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň beýleki ýarym final duşuşygynda «Arkadag» futbol topary myhmançylykda «Aşgabat» toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Jogap ýarym final duşuşyklary 18-nji dekabrda geçiriler.

Finaly 27-nji dekabrda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.