27-nji noýabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: ykdysady we syýasy ösüşleriň gözbaşydyr» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň çäklerinde indi geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň ykdysatçysy» atly ykdysady ugurly ylmy häsiýetli makalalar bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Bäsleşik «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň guramagynda geçirildi.
Ýylyň başynda yglan edilýän bu bäsleşige ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank toplumynda, ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem ykdysadyýet pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň hem-de dürli ýaşdaky adamlaryň gatnaşmagyna mümkinçilik döredildi.
Makalalaryň ýazylyş dürslügine, onda öňe sürülýän maglumatlaryň ykdysady bähbidine we hiline üns berildi.
Netijede, emin agzalaryň gelen netijesi boýunça 1-nji orna Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary Selimberdi Hojaberdiýew, 2-nji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy Amangül Baýrammyradowa, 3-nji orna Türkmen döwlet maliýe institutynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasynyň mugallymy Näzik Sadykowa mynasyp boldular. Olara we bäsleşige gatnaşanlaryň hemmesine sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Baýramçylyk dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň işgärleri, ykdysady ylymlaryň kandidatlary çykyş etdiler. Çykyşlarda döwletimizde milli ykdysadyýeti döwrebap ösdürmek babatda halkara ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylandygy, ýangyç-energetika, himiýa, agrosenagat, ulag-kommunikasiýa, ýeňil senagat ýaly pudaklarda döwrebap enjamlaşdyrylan kärhanalaryň, desgalaryň ýüzlerçesiniň gurlup ulanylmaga berlendigini bellenildi.
Şeýle hem her ýyl geçirilýän «Ýylyň ykdysatçysy» atly ykdysady ugurly ylmy häsiýetli makalalar bäsleşiginiň ähmiýetini belläp, ykdysadyýetiň gazananlaryndan habarly bolmakda, ýaş ykdysatçylary işe çekmekde, olary höweslendirmekde ýetirýän uly täsirini aýtdylar.
Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar oňa gatnaşanlaryň şatlygyna şatlyk goşdy.