Ï «Türkmen Logistika» assosiasiýasy ulag pudagynyň wekilleri üçin okuw maslahatyny gurady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy ulag pudagynyň wekilleri üçin okuw maslahatyny gurady

view-icon 816

25 – 27-nji noýabr aralygynda «Türkmen Logistika» assosiasiýasy Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goldawy bilen «Merkezi Aziýa ýurtlarynda söwdany ýeňilleşdirmek» taslamasynyň çäginde «Ýöriteleşdirilen Logistika 2025» atly birnäçe okuw maslahatyny geçirdi.

Öňdebaryjy tälimçiler Swetlana Mammedseýidowa, Anna Titowa we Karmela Nadži-Alikperowa öz tejribelerini paýlaşyp, ýükleriň klassifikasiýasynyň çylşyrymlylyklaryny, bellikleriniň aýratynlyklaryny, ulag görnüşini saýlamagyň aýratynlygyny hem-de aýratyn çemeleşmegi talap edýän ýükler barada düşündirdiler.

Maslahata gatnaşyjylar üç günüň dowamynda howply we aýratyn ýükler bilen işlemegiň halkara kadalaryny özleşdirdiler. Ýükleri ýüklemegiň, düşürmegiň we daşamagyň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem ähli kadalaşdyryjy talaplary we düzgünleri berjaý etmek meselelerine üns berildi.

Tälimçiler öz işlerinden anyk mysallary getirdiler, bu bolsa gatnaşyjylara howply ýükleri, mysal üçin, köp mukdarda parfýumeriýa ýa-da gurak buzda doňdurylan iýmitleri gaýtadan işlemegiň aýratynlyklaryna has gowy düşünmäge mümkinçilik berdi – bu wezipeler ýokary derejeli jogapkärçiligi we takyk kararlary kabul etmegi talap edýär.

Maslahatyň möhüm bölekleriniň biri howply ýükleri daşamak bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmak, şeýle hem halkara ylalaşyklarynyň, hususan-da ADR (Howply ýükleriň awtoulag arkaly halkara daşamalary baradaky ylalaşyk) talaplaryna laýyklygy üpjün etmek meselelerine bagyşlandy. Ugurlary, ulag serişdelerini we ýük gaplamalaryny saýlamagyň amaly taraplary, şeýle-de logistika çözgütlerine täsir edýän ekologiki ülňüler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Modul görnüşindäki okuw maksatnamasy toparlaýyn işi, amaly görkezmeleri, keýsleri seljermegi we senariýalaryň modelirlenmegi ýaly işleri öz içine aldy, bu bolsa gatnaşyjylara alnan bilimleri hakyky şertlere ýakyn ýagdaýda berkitmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem gatnaşyjylar türkmen ýük daşaýjy kompaniýalaryň töwekgelçilikleri azaltmaga we aýratyn çemeleşmegi talap edýän ýükler bilen işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdylar.

Okuw maksatnamasy «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň we GIZ taslamasynyň milli maslahatçysy Rustam Bekmuradowyň işjeň gatnaşmagy bilen işlenip düzüldi.

Çäräniň esasy maksady assosiasiýanyň agzasy bolan ulag-logistika kompaniýalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de aýratyn ýükler bilen işlemek boýunça başarnyklary ösdürmek boldy. Okuwyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar ýöriteleşdirilen logistika ugrunda öz hünär derejesiniň ýokarlanandygyny tassyklaýan şahadatnamalar aldylar.