Ï Russiýa bilen Türkmenistan Hazaryň biodürlüligini gorap saklamak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýa bilen Türkmenistan Hazaryň biodürlüligini gorap saklamak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

view-icon 2424
Russiýa bilen Türkmenistan Hazaryň biodürlüligini gorap saklamak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherinde Hazar deňzi institutynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we olaryň bilelikdäki gorlaryny dolandyrmak baradaky toparynyň 9-njy mejlisi tamamlandy. Bäş taraplaýyn duşuşygyň dowamynda Russiýadan gelen wekiliýetiň ýolbaşçysy, Federal balykçylyk agentliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Wasiliý Sokolow «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň meýilnamalary barada pikir alyşdy.

W.Sokolowyň aýtmagyna görä, Russiýa Türkmenistan bilen diňe bäş taraplaýyn gün tertibi boýunça hyzmatdaşlyk etmän, eýsem ikitaraplaýyn görnüşiň tarapdary bolup çykyş edýär, sebäbi ikitaraplaýyn görnüşde has köp meseläni çözmek mümkin bolýar, köplenç bular diňe iki ýurda degişli aýratynlyklardyr.

Bu ugurda rus toparynyň agzasy birleşen ylmy gözlegleri guramak meselesini ileri tutulýan ugur hökmünde görkezdi.

– Hususan-da, bu has köp oňyn netije berip biljek bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmekdir. Biz türkmen tarapy bilen ikitaraplaýyn ylmy barlaglaryň ýerine ýetiriljekdigine ynanýarys, sebäbi bu biziň üçin örän möhüm pudak bolup durýar we bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek örän wajypdyr – diýip, söhbetdeşimiz nygtady.

Şol bir wagtyň özünde W.Sokolow balyk hojalygy işi boýunça gözegçilik we monitoring toparlarynyň işiniň ähli Hazarýaka ýurtlary üçin ýokary ähmiýetini belledi.

9-njy mejlisiň dowamynda bilelikdäki gorlaryň häzirki ýagdaýyna seljerme geçirildi, ylmy çäreleriň netijeleri diňlenildi we suw jandarlary dünýäsiniň görnüşlerini köpeltmek meselelerine seredildi. Mejlisiň netijeleri boýunça topar 2026-njy ýylda tirana balyklaryny täjirçilik maksady bilen tutmagy amala aşyrmazlyk barada karar kabul etdi.

Türkmenistan bu topara 2025 – 2026-njy ýyllarda başlyklyk edýär.