Ï Paýtagtymyzda «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

view-icon 73
Paýtagtymyzda «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen üç gezek tassyklanan bu hukuk derejesi Watanymyzyň diňe bir milli bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezýär.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenip «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän 2025-nji ýyl Watanymyzyň şöhratly taryhyna ajaýyp sahypa bolup ýazylýar. Bu mynasybetli ýylyň dowamynda dürli çäreler, maslahatlar, dabaralar geçirilýär.

Şanly Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda, ýagny 5-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Adalat» gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem şeýle çäreleriň biri bolup durýar. Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe mähriban Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek, ýaş hünärmenleriň we talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we olaryň döredijilik zehinlerini kämilleşdirmek, şeýle-de täze gözleglere we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen guraldy.

Bäsleşige gatnaşan birnäçe türkmen ýaşlarynyň arasyndan ýörite döredilen eminler topary tarapyndan 20 sany ýaş hünärmenler we talyp ýaşlar bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde saýlandy. Ýeňijiler Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Ýurdumyzda ýaşlar üçin Watanymyzyň ösüşlerine özleriniň döredijilik işleri bilen, yhlasly zähmetleri bilen goşant goşmaga, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, kämilleşdirmäge ähli mümkinçilikler döredilendir. Elbetde, şeýle işleriň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bar.

Diýarymyzda döredilýän şeýle oňyn mümkinçiliklerinden ugur alyp biz – türkmen ýaşlary batly gadamlar bilen aýdyň maksatlara ýetmek ugrunda okarys, dörederis, zähmet çekeris. Biz bu günki ýaş nesiller – ertirki hünärmenler ýurdumyzyň ählitaraplaýyn gülläp ösüşine öz mynasyp goşandymyzy goşjak ynsanlardyrys.