Ï Türkmenistanyň pudaklaýyn dolandyryş edaralary we BMG-niň Ilat gaznasy geçen ýyldaky işleriniň netijelerini jemlediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň pudaklaýyn dolandyryş edaralary we BMG-niň Ilat gaznasy geçen ýyldaky işleriniň netijelerini jemlediler

view-icon 198
Türkmenistanyň pudaklaýyn dolandyryş edaralary we BMG-niň Ilat gaznasy geçen ýyldaky işleriniň netijelerini jemlediler

4-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) we Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda 2025-nji ýylda geçirilen işleriň synyna bagyşlanan bilelikdäki maslahaty geçirildi.

Duşuşyga BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurdumyzdaky edarasynyň ýolbaşçysy K.Goşliýew, şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Synyň mowzuklary Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) degişli, hususan-da, saglyk, gender deňligi, maşgalaly zenanlaryň we ýaş nesliň hukuklary bilen bagly meseleler, şeýle-de demografik ösüş baradaky meseleleri öz içine aldy. Birleşen hereket maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň jemleri jemlendi we geljekki meýilnamalar kesgitlenildi. Hususan-da, zenanlaryň we ýaşlaryň ýaşaýyş şertlerini we hilini gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň we strategiýalaryň netijelerine baha berildi.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili L.Allaýarowa pudaklaýyn ulgamyň ösüşiniň oňyn depginini, munuň üçin dünýä tejribesiniň işjeň ulanylandygyny nygtady. Standartlary we usulyýetleri täzelemek üçin halkara geňeşdarlaryny çekmegiň ýokary netijeliligi tassyklanyldy. Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň diwany, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Adalat ministrligi bilen özara hereketler ep-esli ösdürildi. Ýerlerde kuwwatlylyk berkidildi, lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň durnukly ösmegi üçin ulgamlaýyn okuwlar geçirildi. Mundan başga-da, zenanlara gyssagly kömek bermek maksady bilen akuşer-ginekolog lukmanlar üçin mobil goşundysy işlenip taýýarlanyldy.

Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekili B.Orazow öz çykyşynda Türkmenistanda maksatnamalaýyn esasda gender-ugurly syýasatyň durmuşa geçirilýändigini, halkara kadalaryň milli kanunçylyga ornaşdyrylýandygyny aýratyn belledi. Halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda 2030-njy ýyla çenli DÖM-e ýetmek bilen bagly gender deňligini üpjün etmek boýunça mowzuklaýyn maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

B.Orazow kabul edilen halkara borçnamalaryň we ylalaşyklaryň berjaý edilmegi bilen birlikde, Türkmenistanda birnäçe giň gerimli çäreleriň geçirilýändigini habar berdi. Olaryň arasynda «gyzgyn ulgam» hyzmatlaryny, psihologik maslahatlar bermegi we durmuş goldawyny üpjün edýän maşgalalary goldamak boýunça gulluklaryň işlemegi, dürli ugurlary öz içine alýan maksatnamalaryň ornaşdyrylmagy, ýaş jübütlere geňeş bermek, şeýle-de sport mekdeplerinde we harby edaralarda gender deňligini öňe sürmäge erkekleri çekmek ýaly çäreler bar.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekili B.Annamuhammedowa bäşýyllyk döwrüň (2021 – 2025) çäklerindäki işleriň netijeleri barada gürrüň berdi. Çäreleriň hatarynda 2022-nji ýylda inklýuziw maglumat ýygnamak bilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň üstünlikli ýazuwynyň geçirilmegi, milli kuwwatlylygy artdyrmak maksady bilen demografiýa ugrunda bilimiň ösdürilmegi we demografik durnuklylyk ugrundaky strategik ugurlaryň we garşylyklaryň geňeşlik arkaly kesgitlenilmegi agzaldy.

Şonuň bilen birlikde, maslahatyň dowamynda 2026 – 2030-njy ýyllara niýetlenen ÝUNFPA-nyň Türkmenistan üçin maksatnamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary tanyşdyryldy.