Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 66

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap döwletimiziň halkara giňişliginde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji dekabrda uly baýramyň – Halkara Bitaraplyk gününiň bellenip geçiljekdigini aýtdy hem-de ýygnananlary we mähriban halkymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris. Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi hem-de toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün 2025-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň we geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Bu işlerde Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda öňde goýlan wezipelerden ugur alýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.

Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri döwletimiziň daşary syýasatyna we halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu giňişleýin mejlisini geçirýändigi üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň daşary syýasaty Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 -- 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň esasynda durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döwrebap daşary syýasat ugrunyň binýatlary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda yzygiderli ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwlet Baştutanymyz bolan döwründe öňe süren “Ösüş arkaly parahatçylyk” düşünjesi ösüşiň ähli ugurlarynyň diňe durnukly we parahatçylyk şertlerinde mümkin bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýa bolsa häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda täze filosofik garaýyş bolmak bilen, ýüze çykýan halkara we döwletara meseleleriň diňe dialog, ýagny gepleşikler we syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmeginiň zerurdygyny nygtaýar.

Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan teklip edilen “Parahatçylyk we ynanyşmak” ýörelgesi dünýäde durnukly ösüşi güýçlendirmegiň halklaryň we döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak arkaly mümkindigini subut edýär.

Bu başlangyçlar bir bitewi düşünjäni emele getirýär hem-de ol düşünje parahatçylygyň ösüşi döredýändigi, ynanyşmagyň bolsa, netije hökmünde, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkidýändigi baradaky çuňňur pikiri özünde jemleýär.

Wise-premýer, daşary işler ministri bu wajyp syýasy taglymatlaryň häzirki döwrüň halkara şertlerinde halklaryň we döwletleriň jebisleşmegi, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň dünýä syýasatynyň derwaýys şerti hökmünde kesgitlenmegi üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini, ýurdumyzyň bu gymmatlyklary dünýä bileleşiginiň derejesinde öňe sürýän başlangyçlary arkaly durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda öňe süren başlangyçlarydyr teklipleri hem ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Türkmen diplomatlary olary döwletimiz tarapyndan BMG we beýleki halkara düzümler bilen bilelikde iş ýüzünde amala aşyrarlar.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işlerine hem aýratyn üns berýändigini, bu Gulluga hemmetaraplaýyn ýardam edýändigini, hususan-da, onuň guramaçylyk, hukuk, maliýe we maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek, işgärleriň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda yzygiderli goldaw berýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiziň diplomatik işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça berýän ýardamlarynyň diplomatlar üçin aýratyn gymmatlydygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, daşary syýasatyň üstünlikli alnyp barylmagynda halkara diplomatiýasy, hukugy, ykdysadyýeti, žurnalistikasy we beýleki ugurlar boýunça ussat hünärmenler zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylyň 20-nji martynda açylan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň diplomatik işgärlerini taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär. Geçen 17 ýylyň dowamynda bu milli diplomatiýa mekdebi ýüzlerçe hünärmenleri taýýarlady. Häzirki wagtda olar ýurdumyzyň dürli edaralarynda zähmet çekip, döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, halkara abraýynyň has-da artdyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Çykyşynyň ahyrynda wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan ähli zerur işleriň amala aşyryljakdygyna ynandyryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk we il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl -- Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň möhüm syýasy wakalaryň biri bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda möhüm ähmiýetli halkara çäreleriň geçirilendigini belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileý ýyly bilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň gabat gelmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde bolsa ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi biziň alyp barýan bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr, diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň sanly 30 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellendi. Bu ugurda köp sanly ähmiýetli çäreler geçirildi hem-de möhüm resminamalar kabul edildi.

Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahaty ýokary derejede geçirildi. Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyran bu maslahatyň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi, şeýle hem 2024 -- 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde bolsa «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygyndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz ýakyn günlerde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli Forumynyň bolsa Ýer ýüzünde döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Bu halkara forum parahatçylygy söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da belende göterer, dünýä bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza, türkmen halkyna, onuň alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasatyna uly hormat bilen garalýandygyny görkezer.

Bu wakalaryň ählisi Türkmenistanyň daşary syýasatyny giňden beýan etmek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da dabaralandyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda halkara guramalary bilen alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de ösdürmegi netijeli dowam etmegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan bu wakalar hem-de ýetilen sepgitler bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, geljek 2026-njy ýylda ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen kararnamalary öňe sürmek we durmuşa geçirmek bolup durýandygyny belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategiki maslahat beriş geňeşiniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belledi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasy örän giň gerimli köp sanly ugurlary öz içine alýar. Geljek ýylda hem Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejelerde öz hyzmatdaşlygyny berkitmegi dowam eder.

Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, şeýle hem hazarýaka sebitindäki döwletler bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary berkitmegi dowam etjekdigini, şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletler bilen ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etjekdigini belledi.

Türkmenistan Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürer.

Häzirki döwürde bu sebitlerde ählumumy ykdysady we tehnologik ösüşler gazanylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu sebitleriň ýurtlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga hem uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Aziýadan Ýewropa ulag-üstaşyr geçelgesiniň bölegi bolan «Beýik Ýüpek ýoly» strategiýasyny amala aşyrmagyň üstünde-de degişli işleri ýerine ýetirmeli. Ýewropanyň ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi hem dowam etmeli. Şol ýurtlar bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda, «ýaşyl energetika» geçmekde, emeli intellekti ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns bermeli.

Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, Afrika kontinentiniň döwletleri bilen hem gatnaşyklar yzygiderli ösdürilmeli. Şeýle hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasyndaky we beýleki halkara düzümlerindäki hyzmatdaşlygy bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geljek ýylda hem köp sanly halkara çäreleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. 2026-njy ýylda ýurdumyzyň baş baýramyny -- mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny giňden belläp geçeris, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VIII konsultatiw duşuşygy Türkmenistanda geçiriler, geljek ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eder, ýurdumyzda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz halkara giňişliginde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň uly işleri alyp barjakdygyna berk ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky» Karara, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryny hem-de daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany A.Ataýewa söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy, şeýle hem mejlise gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine dünýäniň halklary we döwletleri bilen oňyn hem-de dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň yzygiderli amala aşyrylýandygyny we döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygyny aýdyň görkezdi.

Ýylyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň işgärleri Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 -- 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan ugur alyp, öz işini halkara giňişliginde Türkmenistanyň abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýetli başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmaga gönükdirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisine gatnaşmagy 2025-nji ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Baş Assambleýanyň belent münberinden eden çuň many-mazmunly çykyşynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, köptaraplaýyn ynsanperwer we halkara hukuk hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly möhüm ugurlar boýunça anyk teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň halkara ähmiýetli tekliplerini durmuşa geçirmek babatda işleriň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge hem-de durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen ugurlar boýunça alnyp barylýandygy bellenildi.

Sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrundaky esasy çäreler BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen “2025-nji -- Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” çäklerinde geçirildi. Şu ýylyň 17-nji ýanwarynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky Baş edarasynda bu guramanyň ýolbaşçylarynyň we agza ýurtlarynyň gatnaşmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy boldy we 2025-nji ýylyň bilelikdäki “Ýol kartasy” kabul edildi.

Şu ýylyň 21-nji martynda bolsa, Baş Assambleýanyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň üçünji gezek Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunda saýlap alan bitaraplyk nusgasynyň taryhy ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň çäklerinde 2020-nji ýylda döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň ýylsaýyn artýandygyny bellemek bolar.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşi gazanmak hem-de halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ugrunda öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça hem degişli işler amala aşyryldy.

2025-nji ýylyň 5 -- 8-nji awgusty aralygynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bu ugurda esasy halkara ähmiýetli wakalarynyň biri boldy. BMG-niň howandarlygynda geçirilen bu çäräniň çäklerinde uzakmöhletleýin we möhüm ähmiýetli halkara resminamalaryň, şol sanda 2024 -- 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilendigi hem-de Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilendigi aýratyn bellenildi. Häzirki wagtda bu möhüm ähmiýetli resminamalary durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň degişli düzümleri bilen bilelikde anyk işler ýerine ýetirilýär.

2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Baş Assambleýa tarapyndan Türkmenistanyň 2026 -- 2028-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy halkara ykdysady ugurda gazanylan üstünlikleriň biri boldy.

Gazanylan netijeler hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan, Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategik daşary syýasatyň netijeli häsiýete eýediginiň we onuň dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine doly laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili üstünlikli işlemäge berilýän uly üns, döredilýän ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza türkmen diplomatlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy -- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy.

Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem ýurdumyzda ýeten belent sepgitlerimiziň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlary hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

***

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Kararyny okady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmekde, onuň halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda ýokarlandyrmakda, halkara gatnaşyklarynda «Açyk gapylar» syýasatyny, «Dialog ‒ parahatçylygyň kepili» taglymatyny baş ýörelge edinen ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny, ata Watanymyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmekde, türkmen Bitaraplygynyň syýasy, diplomatik, hukuk, ykdysady, durmuş-medeni, ynsanperwer babatdaky mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny öňe sürmekde we durmuşa geçirmekde, Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, onuň kadalaryny, esasy maksatlaryny, öňüni alyş diplomatiýasyny, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanun arkaly berkitmekde goşan uly şahsy goşandyny, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem halk köpçüliginden, zähmet toparlaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowşan köpsanly teklipleriň esasynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem welaýatlaryň häkimlerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow dabara gatnaşyjylaryň, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy döwlet sylagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanandyklary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmak ugrunda geljekde hem ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy hem-de döwlet Baştutanymyzyň täze ajaýyp eseriniň çapdan çykmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet sylaglarynyň gowşurylandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watan goragçylarynyň öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar hem-de Watana ak ýürekden wepaly gulluk etjekdiklerine kasam etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli özüne gowşurylan sylagy – «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Dabaranyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri ýene-de bir gezek hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy, şeýle hem gowşurylan döwlet sylaglary bilen gutlap, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.