Ï Türkmenistan JIÖ-niň ösüşini ynamly saklaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan JIÖ-niň ösüşini ynamly saklaýar

view-icon 52
Türkmenistan JIÖ-niň ösüşini ynamly saklaýar

Türkmenistanda Ministrler Kabinetiniň 5-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

Wise-premýer H.Geldimyradow ýurduň makroykdysady görkezijileriniň yzygiderli ýokary derejede saklanýandygyny habar berdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabata kanagatlanma bilen baha berdi. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutany nebit we gaz, söwda, ulag we aragatnaşyk, şeýle hem oba hojalygy ýaly esasy pudaklaryň netijeli işländigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jemgyýetçilik-medeni ulgamda – ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, sportda we medeniýetde amala aşyrylan üstünlikli özgertmelere aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutany, şeýle hem ýurdumyzda senagat kärhanalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk merkezlerini, mekdepleri we çagalar baglaryny öz içine alýan täze desgalaryň gurluşygynyň işjeň dowam etdirilýändigini nygtady.