Şu gün Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy boldy. Şeýle hem Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi guraldy.
Türkmenistanyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli guraldygyny subut etdi. Halkara bileleşik onuň tutuş sebit üçin ähmiýetini ykrar etmek bilen, bu hukuk ýagdaýyny birnäçe gezek tassyklady. Birleşen Milletler Guramasynyň resminamalary, şol sanda Baş Assambleýanyň Kararnamalary bu syýasatyň häzirki döwürde möhümdiginiň hem-de üstünliklidiginiň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3 sany Kararnamasy bilen berkidilen we ösdürilen pugta halkara hukuk binýady bar. Bu resminamalar Bitaraplyk doktrinasynyň syýasy ýörelgeden başlap, halkara diplomatiýanyň köpugurly guralyna çenli ösüşini beýan edýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir daşary syýasy hukuk derejesi bolman, eýsem, türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň, durnuklylygyň hem möhüm bölegidir. Halkara derejede ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň dürli döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýän oýlanyşykly daşary syýasatynyň binýadyny emele getirýär. Şeýle çemeleşme Ýewraziýanyň strategik taýdan ähmiýetli sebitinde durnuklylygy üpjün etmäge ýardam berýär.
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty halkara kadalaryň berjaý edilmegi bilen çäklenmän, bu doktrinany parahatçylygyň we howpsuzlygyň köpugurly guraly hökmünde ilerletmäge gönükdirilendir. 2017-nji ýylda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etdi, 2025-nji ýyl bolsa “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Mundan başga-da, BMG-niň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Ol bitaraplyk babatda köptaraplaýyn we tejribe alyşmak üçin resmi däl meýdança bolup hyzmat edýär. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň öz Bitaraplygyna beýleki ýurtlar üçin görelde bolup hyzmat edýän, işjeň ösdürilýän syýasat hökmünde garaýandygyny görkezýär. Ýurdumyz dünýä giňişliginde parahatçylyk döredijilik babatda gazanan tejribesini işjeň ilerletmek bilen, bu ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.

...Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda taryhy waka — “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Tegelek binagärlik toplumy hökmünde gurlan bu özboluşly bina ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn daşary syýasatynyň aýdyň nyşanydyr. Açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, halk köpçüligi gatnaşdy. Dabara gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň giň wekilçilikli düzümi bu çäräniň ýokary halkara derejesini tassyklap, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýä giňişliginde ýokary ynama we goldawa eýe bolýandygyny görkezýär.
Desganyň bitewüligiň we yzygiderli dialogyň nyşany hökmünde tegelek daşky binagärlik keşbi halkany emele getirýän baýdak sütünleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bitaraplyk binasynyň bezeginde Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň we nyşanynyň reňkleri bolan ak hem-de gök reňkler agdyklyk edýär. Ak reňk parahatçylygy, açyklygy, hoşmeýilli erki alamatlandyrsa, gök reňk ählumumy jebisligi, Türkmenistanyň halkara giňişlikde işjeň öňe sürýän öňüni alyş diplomatiýasyny beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň ýanynda bolup, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeleri kesgitläpdi. Şonda Milli Liderimiz Bitaraplyk zolagynda BMG-niň baýdagynyň reňkiniň we nyşanynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Baýdak sütünlerinde BMG-ä agza ýurtlaryň ählisiniň döwlet baýdaklarynyň ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň halkara hukuga, BMG-niň Tertipnamasyna ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup, ýurdumyzyň dünýä ähli döwletleri bilen hyzmatdaşlyga açykdygyny görkezýär.

Ilki bilen, açylyş dabarasynda çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp gurlan, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýä ýüzünde dabaralanýandygyny alamatlandyrýan «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynyň açylyş dabarasy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny, dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda parahatçylyk söýüjilikli, halkymyzyň abadan, asuda durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty alyp barýandygyny belledi.
«Bitaraplyk — bu parahatçylyk medeniýetiniň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeldýän, halkymyzyň mertebesini belende göterýän ajaýyp gymmatlykdyr. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň, 192 döwletiň baýdaklarynyň bilelikde parlamagy halkara giňişlikde hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmakda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini has-da dabaralandyrýar” diýip Mejlisiň Başlygy nygtady we hemmeleri bu şanly waka mynasybetli ýene-de bir gezek gutlady.
Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory T.Walowaýa söz berildi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan monumentiň açylyş dabarasyna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. BMG-niň wekili Garaşsyzlyk güni bilen bir hatarda, 12-nji dekabryň hem Türkmenistanyň taryhynda aýratyn orun eýeleýändigini, mundan 30 ýyl ozal hut şol gün BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini ykrar etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilendigini belledi we hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy bu şanly sene bilen gutlady. Nygtalyşy ýaly, şu geçen döwrüň dowamynda Türkmenistan döwlet gurluşynyň berk binýadyny goýdy, syýasy durnuklylygy üpjün etdi, ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazandy. Bu ýetilen sepgitler ýurduň geljekki ösüşiniň kepili bolup durýar.

Sebitde 30 ýylyň dowamynda parahatçylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty öz netijelerini berdi: bu gün Türkmenistan sebit gün tertibiniň möhüm wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär, diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Şeýle hem T.Walowaýa Türkmenistanyň ekologiýa we howanyň üýtgemegi ulgamlarynda, şol sanda Aral meselesini çözmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşýan goşandyny aýratyn belledi. Mundan başga-da Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasy işinde baý tejribe toplady. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi eýýäm 18 ýyl bäri Aşgabatda üstünlikli hereket edýär. Öňüni alyş diplomatiýasy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, gapma-garşylyklaryň öňüni almak işinde netijeli gurallaryň biri bolup çykyş edýär.
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň geografik taýdan strategik ýerleşmeginiň, Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň parahatçylygyň bähbidine ýurtlary we halklary birleşdirip, Gündogaryň hem-de Günbataryň arasynda özboluşly köpri bolmaga mümkinçilik berýändigini belledi hem-de Türkmenistanyň halkyny bu şanly ýubileý bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Soňra çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol parahatçylygyň, ynanyşmagyň we halkara jebisligiň täze nyşany bolan «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary mübärekläp, 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ähli wekiliýetlere hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, bu forum Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen, ähli agza döwletler tarapyndan biragyzdan goldanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri ynsanperwerligiň taglymlaryna ygrarlylygy alamatlandyrýan şu günki dabara gatnaşýandyklary üçin Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary wezipeli wekillerine hoşallyk bildirdi.
“Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasy, Bitaraplyk konsepsiýasy ýaly, dostlugy, özara düşünişmegi, ynanyşmagy, jebisligi we raýdaşlygy alamatlandyrýar. “Bu gün bu binany açmak bilen, biz onuň açyklygyň, dialogyň we hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde uzak ýyllaryň dowamynda durjakdygyna ynanýarys” diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi hem-de dabara gatnaşyjylara işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýlelikde, Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylmagy Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik wezipesiniň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene bir aýdyň güwäsi boldy. Bu bina paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň üstüni ýetirip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň tutuş dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen işjeň daşary syýasatdygyny görkezýär.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we “Bitaraplyk aýdymy” sazynyň ýerine ýetirilmeginde BMG-niň baýdagy galdyryldy. Şol pursatda ak we gök reňkli hem-de ak kepderi şekilindäki şarlar, Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň şanyna 30 sany ak kepderi asmana uçuryldy.
Soňra dabaralar Bitaraplyk binasynyň meýdanynda dowam etdi. Bu ýerde hem Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we “Bitaraplyk aýdymy” sazynyň ýerine ýetirilmeginde BMG-niň baýdagy dabaraly ýagdaýda belende galdyryldy.
Parahatçylygyň we açyklygyň nyşany hökmünde belende uzaýan Bitaraplyk binasy Türkmenistanyň öz üýtgewsiz ýörelgelerine berk ygrarlydygyny dünýä äşgär edýär. Giň halkara jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda milli jebisligi we garaşsyzlygy alamatlandyrýan Döwlet tugumyzyň hem-de BMG-niň baýdagynyň galdyrylmagy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ählumumy häsiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty dünýä bileleşigi bilen ynanyşykly we netijeli gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Bu hukuk derejesi ýurdumyza sebitde köptaraplaýyn dialog üçin amatly gurşawy döretmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan BMG-niň çäklerinde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Olar ynsanperwer maksatnamalardan başlap, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça teklipleri öz içine alyp, bitarap daşary syýasaty iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam edýär.
BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasy bölegi bolup durýar. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO, ÝUNISEF, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we beýleki ugurdaş edaralar bilen bilelikde bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy, howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy pugtalandyrmak ulgamlarynda taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyz gapma-garşylyklaryň öňüni almak, sebit howpsuzlygyny üpjün etmek üçin syýasy-diplomatik mehanizmleri işjeň ulanýar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
Türkmenistan öz daşary syýasatyny BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirip, köptaraplaýyn institutlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýar. Şunda hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň many-mazmunyny kesgitleýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän netijeli ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň daşary syýasaty ynanyşmagy we dialogy ösdürmäge, durnukly parahatçylygyň bähbidine bilelikde işlemäge gönükdirilen asylly ýörelgeleriň sazlaşygydyr.
Şeýlelikde, “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylmagy we Bitaraplyk binasynyň meýdanynda geçirilen baýdak galdyryş dabarasy öňüni alyş diplomatiýasynyň merkezi hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da pugtalandyrmak bilen, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýady bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Söwda-senagat edarasynda geçirilýän giň gerimli sergä hem baryp gördüler. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu giň möçberli serginiň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik däpleriniň özboluşly dabaralanmasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu serginiň ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýylynyň dowamynda ähli pudaklarda gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen, garaşsyz ösüşiň ýolunda ykdysadyýetde, syýasatda, durmuş ulgamynda, medeni-ynsanperwer, ylym we tehnologik ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigine berk ynam bildirdi. “Ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalary onuň halkara giňişlikdäki başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar” diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.
Soňra sergi bilen tanyşlyk başlandy. Serginiň ekspozisiýalarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň köpugurly ösüşleri aýdyň şöhlelenýär. Olarda Bitaraplygyň nyşanlaryna aýratyn orun berlipdir. Halkara çärelerden fotomateriallar, BMG we ugurdaş halkara guramalar bilen bilelikdäki taslamalar ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dialog we hyzmatdaşlyk üçin binýat bolup durýandygyny görkezýär.
Ýangyç-energetika bölüminde gaz pudagynyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän möhüm orny beýanyny tapýar. Nebitgaz ýataklarynyň, döwrebap kompressor we gaýtadan işleýän desgalaryň nusgalary, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar baradaky multimedia tanyşdyrylyşlary oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýurdumyza daşary ýurtly maýadarlar we üstaşyr geçiriji ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýändigini görkezýär. Ulag-aragatnaşyk bölümindäki döwrebap logistika merkezleriniň, awtomobil we demir ýollarynyň nusgalary, üstaşyr ulag ugurlaryny ösdürmek baradaky wideoşekiller Türkmenistanyň Gündogar bilen Günbataryň arasynda köpri hökmündäki eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekýär. Şeýle hem bölümde logistikany sanlylaşdyrmak, serhet-gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, multimodal ýük daşamalary ösdürmek boýunça başlangyçlar beýan edilýär. Şeýle çözgütler ýurdumyzyň üstaşyr ulag infrastrukturasynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we sebitiň ykdysady özüne çekijiligini artdyrmaga ýardam berýär.
Sanly ykdysadyýete bagyşlanan diwarlykda maglumat tehnologiýalary ulgamynda gazanylan üstünlikler, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak boýunça çözgütler, «akylly» şäher tehnologiýalary görkezilýär. Oba hojalyk toplumynyň bölüminde ekerançylykda, maldarçylykda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, döwrebap usullar we tehnologiýalar, seçgiçilik işinde gazanylýan üstünlikler şöhlelendirilýär. Eksponatlar ýer-suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagynyň, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýändigini görkezýär.
Dokma senagatyna bagyşlanan pawilýonlarda milli senetçilik önümleri, döwrebap önümçilik kärhanalarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri tanyşdyrylýar. Ekspozisiýa ýurdumyzda milli medeni mirasy gorap saklamak bilen birlikde, dokma önümçiligini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge hem uly üns berilýändigini görkezýär. Gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly hem-de batly depginler bilen ösýän ugry bolup durýar. Sergi pawilýonlarynda täze ýaşaýyş toplumlarynyň, senagat desgalarynyň, beýleki infrastruktura taslamalarynyň nusgalary, innowasion işläp taýýarlamalardyr tehnologiýalar ýerleşdirilipdir. Ýurdumyzda desgalaryň gurluşygynda, bezeg işlerinde ýerli howa şertlerine, ekologik kadalara gabat gelýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylýar.
Sergide Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleriniň diwarlyklary hem ýaýbaňlandyrylypdyr. Pawilýonlarda ýerleşdirilen monitorlarda sebitleriň özboluşly aýratynlyklaryny, senagat kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini, medeni durmuşyny şöhlelendirýän şekiller görkezilýär. Hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň diwarlygy myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Häzirki wagtda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry batly depginde dowam edýär. Monitorda şäheriň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyrylan işler barada gürrüň berilýär.
“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümleri-de sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Mälim bolşy ýaly, gysga wagtda kärhananyň önümçilik zynjyry, tehnologiýasy kesgitlenilip, ýörite haryt nyşany döredildi hem-de degişli sertifikatlaşdyrma işleri geçirildi. Kärhananyň öndürýän pamyk taýajyklary, dokalmadyk matadan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplary, halatlary, aýakgap örtükleri we beýleki serişdeleri ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda giňden ulanylýar. “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy çagalar üçin zerur witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitiniň dürli görnüşlerini hem öndürýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça giň gerimli işleriň netijesi bolan bu önümler ýokary hil derejesi, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.
Şu gezekki serginiň möhüm aýratynlygy onuň ruhy-medeni, aň-bilim ugurlaryny-da öz içine alýandygyndan ybaratdyr. Bilim ulgamyna degişli bölümde başlangyç, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, akademiki institutlaryň gazanan uly üstünlikleri bilen tanyşmak mümkin. Çagalar üçin synp otaglary, ýokary okuw mekdepleriniň barlaghanalarynyň döwrebap enjamlary, taslamalaýyn ylmy işläp taýýarlamalary, okuw edebiýatlary, talyplaryň abraýly olimpiadalarda gazanan kuboklary ýaş nesilleriň biliminiň, ýurdumyz üçin geljekki alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Sergide döwletimiziň ylymda gazananlary, döwrebap ylmy-barlag enjamlary, gadymy golýazmalar, ylmy neşirler görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, Ylymlar akademiýasy Diýarymyzda ylym ulgamynyň binýadyny emele getirýär. Onuň garamagyndaky institutlarda alnyp barylýan ylmy-barlag we gözleg işleri takyk, tebigy, ynsanperwer ugurlarda täze açyşlara hem-de üstünliklere itergi berýär.