Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumdaky ÇYKYŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumdaky ÇYKYŞY

view-icon 252
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumdaky ÇYKYŞY

Hormatly döwlet we hökümet Baştutanlary!

Hormatly halkara guramalaryň ýolbaşçylary!

Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!

Hanymlar we jenaplar!

Sizi Türkmenistanda parahatçylyk we ynanyşmak forumyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygyňyz üçin ýurdumyzyň halkynyň adyndan mähirli gutlaýaryn. Bu foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, iri we abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylar, parlament agzalary, diplomatlar, alymlar, jemgyýetçilik işgärleri gatnaşýarlar. Myhmanlarymyzy türkmen topragynda görmek biziň üçin uly hormat we abraýdyr. Türkmenistana hoş geldiňiz!

Gadyrly dostlar!

Bu foruma iri, halkara ähmiýetli waka hökmünde garalýar. Oňa sebit, yklym we ählumumy işler barada oýlanmak, halkara syýasatda parahatçylyk, hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk, ynanyşmak, adalatlylyk, dialog medeniýeti hem-de özara düşünişmek ýagdaýlarynyň ykrar edilmegi üçin badalga nokady hökmünde seredilýär. Türkmenistan biziň topragymyzda şu gün dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli esaslarynyň, ösüşiň hakyky we jogapkärli strategiýasynyň döredilýändigine kanuny esasda guwanyp biler. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýädäki hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzyň gazanylan derejesine ýokary baha berýändigimizi we ony aýawly saklaýandygymyzy aýratyn bellemek isleýärin. Şu şanly günlerde biziň dostlugymyzyň, özara düşünişmegimiziň, döredijilikli maksatlara ýetmäge hyjuwymyzyň mundan beýläk-de tassyklanmasyny tapjakdygyna ynanýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy açyk diýip yglan edýärin.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Häzirki halkara forumy geçirmek dünýä syýasatynda kadalary, gymmatlyklary we ölçegleri ykrar etmek hem-de berkitmek boýunça Türkmenistanyň köpýyllyk yzygiderli işiniň netijesidir. Biziň pikirimizçe, olar halkara gatnaşyklaryň ähli häzirki zaman ulgamynyň hukuk we dünýägaraýyş babatda esasyny düzmelidir. Parahatçylygy we ynanyşmagy şeýle esas hökmünde jar edip, biziň ýurdumyz ençeme möhüm ädimleri ätdi, başlangyçlary öňe sürdi. Olar dünýäde düşünmek bilen kabul edildi, hyzmatdaşlarymyz tarapyndan goldanyldy.

Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bilelikdäki işiň netijesi boldy. Munuň özi biziň umumy üstünligimizdir. Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleriniň syýasy ýolbaşçylarynyň öňdengörüjiliginiň, jogapkärçiliginiň, pähim-paýhasynyň netijesidir. Pursatdan peýdalanyp, men bu möhüm çözgüdi goldandyklary hem-de ony kabul etmäge goşan goşantlary üçin olara, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna we wekillerine tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň konseptual kadalarynyň Türkmenistanyň milli kanunçylygynda öz beýanyny tapandygyny aýtmalydyrys. Şu ýylyň sentýabrynda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Bu Kanunda Bitaraplyk, deňhukuklylyga, özara hormatlamaga, hyzmatdaşlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, güýç ulanmazlyga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, islendik halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözmäge, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmaga, adam hukuklaryny, azatlyklaryny hormatlamaga, ençeme beýleki örän möhüm borçnamalara üýtgewsiz eýermek esasy kadalar hökmünde berkidilýär. Konstitusion kanunyň kabul edilmegi halkara gatnaşyklaryň subýekti hökmünde Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmekde tapgyrlaýyn waka öwrüldi. Biziň pugta parahatçylygy we durnuklylygy gazanmaga hem-de gorap saklamaga esaslanan strategik ugrumyzyň dogrudygynyň we üýtgewsizdiginiň subutnamasy boldy.

Hut ýönekeý bolmadyk geosyýasy ýagdaýlaryň häzirki döwründe parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyna ynanýaryn. Bu düşünjelere barabar baha bermek, olary dünýä syýasatynyň jedelsiz kadalary hökmünde berkitmek häzirki zamanyň gurluşy barada oýlanmakda netijeli öňegidişlikdir. Howply gapma-garşylyk ýagdaýyndan howpsuzlygyň hem-de ösüşiň ählumumy gurluşynyň netijeli, hakyky, sazlaşykly esaslaryny ýola goýmaga tarap ädimdir. Türkmenistan bu netijäni diňe bilelikde, umumy syýasy, dünýägaraýyş, ynsanperwer esasda BMG-niň Tertipnamasyna we halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna daýanyp, döwletleriň, halkara institutlaryň tagallalaryny birleşdirmek arkaly gazanyp bolar diýen garaýyşdan ugur alýar.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly örän möhüm taryhy ýubileýe — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgütlerinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen syýasy-hukuk ýagdaýy bolan hemişelik Bitaraplyk biziň halkara giňişlikdäki ähli ädimlerimizi, Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini hem-de ägirt uly netijelerini kesgitleýär. Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we açyklyk netijesinde häzirki döwürde Türkmenistan onlarça döwlet bilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde esasy halkara institutlar bilen ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň görlüp-eşidilmedik derejesine ýetdi.

Bitaraplyk we onuň netijesi bolan «Açyk gapylar» daşary ykdysady syýasaty içerki ösüş üçin amatly daşarky şertleri üpjün edip, Türkmenistana ykdysady, durmuş ösüşiniň ýokary depginlerini gazanmaga mümkinçilik berýär. Ilatyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga, depginli söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny alyp barmaga, iri halkara taslamalary amala aşyrmak üçin özüne çekiji, ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş bolmaga şert döredýär.

Bitaraplyk Türkmenistanyň, şu ýyl 80 ýyllyk ýubileýi bellenilýän Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik dialogynyň esasy şerti hökmünde çykyş edýär. Möhüm ählumumy sebit meselelerini çözmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda, has giň ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlyga adalatly we sazlaşykly çemeleşmeleri taýýarlamakda BMG-niň biziň ýurdumyza jogapkärli hem-de netijeli hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Biz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňelderis, milli, sebit hem-de ählumumy maksatnamalary döretmäge we amala aşyrmaga ünsi jemlemegi, olara ýöriteleşdirilen düzümleri çekmegi gazanarys. Türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara we sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmäge netijeli, döredijilikli täsiri aýdyň görünýär. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynda türkmen Bitaraplygynyň artýan goldawynda öz beýanyny tapýar. 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda Baş Assambleýanyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň ýüze çykmasy boldy. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça birnäçe ýyl mundan ozal BMG-niň çäginde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem munuň bir mysalydyr. Bu mysallar Bitaraplygyň, onuň binýatlyk kadalarynyň halkara gatnaşyklaryň tejribesinde barha ähmiýetli we möhüm ýagdaýa öwrülýändigine şaýatlyk edýär.

Şeýle bolansoň, biz Bitaraplygyň üýtgewsiz gurluş däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän hem-de täze üýtgeşmelerdir meýillere seslenýän janly döredijilik ýagdaýydygyny hemişe belleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki zamanyň halkara syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny öňe sürýär. Häzirki şertlerde onuň aýratyn zerurlykdygyna, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, agzalalyklary we çaprazlyklary öz wagtynda parahatçylykly gepleşiklere ugrukdyrmaga ýardam bermäge ukyplydygyna ynanýarys. Şoňa görä-de, biz Bitaraplygy syýasy we iş ýüzündäki platforma hökmünde peýdalanmagy teklip edýäris. Şonuň esasynda häzirki döwürde ylalaşygy, düşünişmegi, ýaraşygy gazanmagyň ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak mümkindir. Bu babatda Bitaraplyk bähbitleriň ýakynlaşmagynyň we sazlaşygynyň, hormat goýmak, deňhukuklylyk dialogynyň, pragmatik, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasyna, ahyrky netijede, ählumumy geosyýasy deňagramlylygy gazanmagyň şertleriniň birine öwrülip biler diýip hasap edýärin. Özara bähbitli, dostlukly halkara gatnaşyklary öz Bitaraplyk syýasaty netijesinde ösdürýän Türkmenistanyň tejribesi Bitaraplygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny we ony Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ulanyp boljakdygyny görkezýär diýip pikir edýärin.

Parahatçylygy döretmek ulgamynda öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik serişdelerini we usullaryny giňden peýdalanýan Milletler Bileleşiginiň baý tejribesine esaslanyp, şeýle hem Bitaraplygyň tejribe häsiýetini ösdürmek, ylmy-barlag, bilim işini amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär. Bu başlangyjyň goldaw tapjakdygyna umyt edýäris hem-de dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen şu meselä jikme-jik seretmäge taýýardygymyzy beýan edýäris.

Türkmen Bitaraplygy barada aýtmak bilen, onuň ýene-de bir aýratynlygy hakynda aýratyn durup geçmek isleýärin. Biziň Bitaraplygymyz Türkmenistanyň hakyky özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň kanunalaýyk netijesidir. Özbaşdak, oýlanyşykly, yzygiderli Bitarap daşary syýasaty alyp baryp, biz, ozaly bilen, öz döwletliligimiziň berk esaslaryna, taryhy dowamatlylygymyza, türkmen halkynyň agzybirligine we goldawyna, ähli halklardyr döwletler bilen parahatçylykda, ylalaşyklylykda, hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagy wesýet eden ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesine daýanýarys.

“Türkmenistanyň Garaşsyzlygy” we “Bitaraplygy” diýen düşünjeler biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, bir bitewüdir. Elbetde, biz maksatlarymyzy we wezipelerimizi halkara bileleşigiň, bütin dünýädäki köp sanly dostlarymyzyň hem-de pikirdeşlerimiziň giňden goldaýandygyny, olara düşünýändigini aýdyň görýäris we muňa ýokary baha berýäris. Bu goldaw Türkmenistana geljegine umytly garamaga, geljekki bilelikdäki işiniň meýilnamasyny ynamly düzmäge kömek edýär. Bizi halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de ylalaşygy gazanmaga, olaryň ösüşine, abadançylygyna yzygiderli, işjeň, netijeli gatnaşmaga ruhlandyrýar.

Gadyrly dostlar, foruma gatnaşýandygyňyz, Türkmenistan bilen dostlugy, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga goşýan goşandyňyz üçin tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygymy ýene-de bir gezek kabul ediň!