Şu gün ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň mejlisler zalynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler” atly baýramçylyk maslahaty geçirildi.
Halkara Bitaraplyk gününiň yzysüre bellenilýän hünär baýramçylygy mynasybetli guralan maslahat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda nebitçileriň, gazçylaryň we geologlaryň yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde nebitgaz pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny, pudakda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň ýurdumyza uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmäge ýardam edýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, bu ugurda halkara derejeli iri taslamalara badalga bermek bilen, uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli durmuşyna, geljek nesillerimiziň hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegini gazanmak ugrunda möhüm wezipeler öňde goýulýar. Pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Durmuşa geçirilýän bu işler energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, sebitiň ýurtlarynyň abadançylygyna, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmäge gönükdirilendir. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Soňra maslahata gatnaşyjy myhmanlara we nebitgaz toplumynyň işgärlerine söz berildi. Olar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň açylyp ulanmaga berlip, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilmeginiň özboluşly many-mazmuna eýe bolandygyny nygtadylar. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze nebitli we gazly ýataklaryň açylmagyny, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasyny pudakda gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu taslamanyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna ak pata bermegi ýurtlaryň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge hem-de sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge ygrarlylygyň nobatdaky mysalyna öwrüldi.
Çykyşlarda milli maksatnamalara laýyklykda, pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Ýurdumyzdaky uglewodorod känli ulanyş guýularyndan çig malyň yzygiderli alynmagy we nebitgazly ýataklaryň üstünlikli özleşdirilmegi bu ugurdaky işleriň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny görkezýär. Şunuň bilen birlikde, çykyş edenler nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenilende hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmegiň, bu işleri ýokary ekologik talaplara laýyklykda amala aşyrmagyň, şeýle-de howanyň üýtgemegine täsiri peseltmegiň öňde durýan möhüm wezipeler bolup durýandygyna ünsi çekdiler.
Maslahatyň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli nebitgaz toplumynyň zähmetde tapawutlanan işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Soňra “Nebitgaz baýlygym, hazyna-genjim,//Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym” we “Parahatlyk nury örtüp Zemini,//Geldi jebisligiň ajap zamany” diýen at bilen geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşikler Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Nebit-gaz” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeginde hekaýalar, oçerkler, makalalar we fotoreportaž ugurlary boýunça geçirildi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Soňra Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde konsert geçirildi. Hünär baýramçylygy mynasybetli guralan konsertde ýurdumyzyň sungat ussatlary çykyş etdiler.