Ï Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň halkara howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň halkara howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berdi

view-icon 393
Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň halkara howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berdi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen forumda eden çykyşynda bütin dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň deňagramly daşary syýasaty alyp barýandygyny we sebit hem halkara durnuklylygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny nygtady.

Prezident Wladimir Putiniň aýratyn nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň saýlan hemişelik Bitaraplygy Türkmenistanyň Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde strategik ugruny kesgitledi.

«Türkmen döwleti Merkezi Aziýa sebitinde-de, bütin dünýäde-de mynasyp hormata we abraýa eýedir. Baý taryhy we medeni mirasyna daýanmak bilen, Türkmenistan ýokary depginde ösýär we halk hojalygynyň ähli pudaklarynda hem jemgyýetçilik ulgamynda barha öňe gidýär» diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti aýtdy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti otuz ýyl mundan ozal 12-nji dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitarap döwlet derejesini resmi taýdan ykrar edendigini ýatlatdy. Bu gün Türkmenistanda döwlet baýramy hökmünde bellenýär we hut şu gün BMG tarapyndan «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny bu şanly sene bilen gutlady.